Ýurdumyzda hususyýetçilige ýol açylyp, telekeçiler özbaşdak iş ýöredip başlanlarynda, esasan, haýsy-da bolsa bir ugur boýunça işläp başlapdylar. Dogry, şol ýyllarda döredilen hususy kärhanalaryň arasynda şu günki güne çenli önümçiligiň diňe bir görnüşi bilen adyganlary-da kän. Ýöne olaryň aglabasy döwletimiz tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilmegi, uzak möhlete peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi bilen, örülerini has giňeltdiler.
Mundan on sekiz ýyl öň öz işini süýjülikleriň iki görnüşini — tort we köke önümlerini öndürmekden başlan «Täze Aý» önümçilik birleşigi hem şol döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, telekeçiligiň köpugurly ýoluny saýlap aldy we häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy pudagynda iň iri önümçilik kärhanasy hökmünde bellidir.
Mary şäherinde ýerleşýän önümçilik birleşigi öz düzümine hususy kärhanalaryň birnäçesini birleşdirýär. Olarda halkymyzyň gündelik durmuşynda zerur bolan azyk önümleri öndürilýär. Täze önümçilikler döredilip, ýylyň-ýylyna zähmet üstünlikleri gazanylýar. Konditer önümleriniň dürli görnüşleri, süýt we süýt önümleri, datly doňdurmalar, süýjülik tortlary, et we şöhlat önümleri öndürilýär.
Bu önümçilik birleşiginde ýokarda agzap geçen azyk önümlerimiziň her günde 100 tonnadan gowragy öndürilýär. Olaryň görnüşleri bolsa müňden-de geçýär. Telekeçiler önümleriň gaplama işlerini-de alyp barýarlar. 2020-nji ýylda işe girizilen gaplama sehinde owadan gaplara gaplanylýan azyk harytlary söwda nokatlarynyň 18 müňden gowragyna goýberilýär. Munuň özi «Täze Aýyň» önümleriniň paýtagtymyza hem-de ýurdumyzyň ähli ýerine giňden ýaýrandygyny alamatlandyrýar. Özem, ara ýakyn bolsun, daş bolsun, harytlar ilata täzeligi bilen ýetirilýär. Bu bolsa müşderileriň has-da artmagyna getirýär.
— Önümlerimiz Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilýär. Eziz Diýarymyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere, gözden geçirilişlere gatnaşanymyzda, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen duşuşyp, pikir hem tejribe alyşmaga mümkinçilik döreýär. Şonda olar ekologik taýdan arassa önümlerimize uly gyzyklanma bildirýärler. «Täze Aý» haryt nyşanly önümlerimiziň halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigi üçin ISO güwänamasyna mynasyp bolmagy bu hakykaty doly tassyklaýar.
Maldarçylyk toplumy, bagçylyk, balykçylyk hojalyklary önümçilik birleşigimiziň düzümine täze girizildi. Indi bereketli toprakda miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, et we süýt ugurly iri şahly mallary idetmek, «Howuzhan» we «Saryýazy» suw howdanlarynda balyk hojalygyny ýöretmek bilen gündelik sarp edilýän azyk önümleriniň aglaba bölegini öndürýäris.
Milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, behişdi bedewlerimizdir ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren edermen we gaýduwsyz alabaý tohum itlerini hem saklaýarys. Olara gözegçiligi bu ugurdan ýörite bilimli hünärmenlere ynandyk.
Hormatly Prezidentimiziň täze tehnologiýalarda ýokary öndürijilikli işlemegimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, işçileriň 4 müňden gowragynyň yhlasly zähmeti bilen amal edýän işlerimiz ak bazarlarymyzyň bolçulygyna goşandymyzdyr — diýip, önümçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, tejribeli telekeçi Guwançmyrat Orazow gürrüň berýär.
4 müň adamyň iş orny bilen üpjün edilmegi. Ynha, «Täze Aýyň» ýene-de bir üstünlikli tarapy! Kärhanada işçileriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler bar. Olar arassaçylyk kadalaryna we zähmet howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Önümçiligiň giňeldilmegi, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagy bilen, geljekde bu kärhanada ýene-de täze iş orunlary dörär. «Täze Aý» önümçilik birleşigi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda süýji we gury süýt önümlerini öndürmegi meýilleşdirýär.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».