Milli ykdysadyýetde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak, telekeçiligi ählitaraplaýyn goldamak, hususy işewürligi ösdürmek boýunça giň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde oňyn tejribe topladylar. Öý hojalygynda, edara-kärhanalarda we beýleki jemgyýetçilik düzümlerinde peýdalanylýan mebel önümleriniň görnüşleriniň artýandygy, hiliniň ýokarlanýandygy muňa aýdyň mysaldyr.
1998-nji ýylda esaslandyrylan «Türkmen mebel» kärhanasy ýurdumyzyň beýleki hususy düzümleri bilen birlikde, ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ulanyşa berlen mebel toplumyndaky hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri döwrebap we ýokary hilli mebelleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, öz önümlerini daşary ýurtlara-da eksport etmäge ukyply. Bu işde «Türkmen mebel» kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Önümçilik toplumy 4,5 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde işler ýokary derejede guralan. Işiň köp bölegi awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenlerdir işçileriň aglaba böleginiň ýaşlardygy aýratyn bellenmäge mynasyp. Işgärleriň döredijilikli işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.
Kärhananyň önümçilik toplumy birnäçe bölümden ybarat. Onuň düzüminde edara binasy, önümçilik sehi, çig mal we materiallar bölümi, taýýar harytlar üçin ammar bar. Önümçilik bölümlerinde Italiýada, Germaniýada we Türkiýede öndürilen döwrebap enjamlar ornaşdyrylypdyr. Her bölümde önümi taýýarlamak üçin zerur işler sanly ulgamyň kömegi arkaly ýokary takyklykda ýerine ýetirilýär. Arassaçylyk we howpsuzlyk düzgünleriniň kadalary berk berjaý edilýär. Müşderileriň ýörite buýurmalary aýratyn göz öňünde tutulýar. Bu ýerde öý goşlarynyň, hojalykda, edara-kärhanalarda ulanylýan mebelleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümler ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Olaryň adam üçin rahat, berk, çydamly hem-de göze gelüwli bolmagy esasy talaplar hasaplanýar. Müşderileriň isleglerinden ugur alnyp, döwrebap önümleriň öndürilýän, yhlasly zähmetiň gaýnap-joşýan ýerinde ösüş hem ýokary bolýar.
Çary ÇARYÝEW.