Köp görnüşli önümler

Bu, megerem, hususy önüm öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji bolsa gerek. Islendik önümde onuň diňe bir görnüşini öndürmegiň özi, gör, näçe aladany, zähmeti, harajaty talap edýändir. Bu ýerde bolsa gürrüň bir kärhana tarapyndan önümleriň 2000 görnüşiniň öndürilýändigi barada barýar. Onsoň, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň ýerli önüm öndürijileriň arasynda önümleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýandygy hemmämize aýan hakykat.

2008-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde zawod gurup, ilkinji önümçiligini agyz we lagym suw turbalaryny, olaryň birikdirijilerini öndürmekden başlan bu hojalyk jemgyýeti — döwlet derejesinde hususyýetçiler hakyndaky bimöçber aladalaryň miwesi. Onuň ilkinji ädimleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň senagatçylaryny we telekeçilerini özüne birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasynyň — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen, döwlet Baştutanymyz tarapyndan hususy işewürligi ösdürmek hem-de telekeçileri goldamak üçin ähli amatly şertleriň döredilmegini üpjün edýän birnäçe resminamalaryň kabul edilen döwrüne gabat gelýär. Ýörjen-ýörjen wagty golundan tutulyp ýöredilen körpeje ýaly, döwletimiz tarapyndan türkmen telekeçilerine yzygiderli goldaw-hemaýatlaryň berilmegi bilen, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti-de önümçiliginiň gerimini barha giňeldip, önümleriniň görnüşlerini has-da artdyrýar.

Önümçilikde çig mal bilen üpjünçilik esasy zerurlyklaryň biri. Telekeçiler bu babatda birjik-de kösençlik çekmeýändiklerini aýdýarlar. Polimer önümleri ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Gyýanly gazhimiýa toplumyndan alynsa, Bäherdeniň kwars çägesi, Gubadagyň pegmatit daşy, Balkanyň kaolin gumy ýeterlik çig mal hökmünde hyzmat edip, önümçiligiň bökdençsiz işledilmegine şert döredýär. Diňe bu-da däl. Ýerli çig malyň özümizde öndürilmegi önümleriň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli bolmagyna, şeýle-de bahalarynyň elýeterliligine hem oňaýly täsir edýär. Bu bolsa hojalyk jemgyýetiniň öz önümleri bilen diňe içerki bazary ýeterlik derejede üpjün etmän, 2018-nji ýylda olary sebit ýurtlaryna, şeýle-de GDA döwletleriniň birnäçesine eksport etmegine-de mümkinçilik döretdi. Şol döwürde Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Owganystana plastik turbalaryň, sanfaýans önümleriniň uly tapgyry iberildi.

— Hojalyk jemgyýetimiziň düzüminde Italiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap önümçilik kärhanalarynyň üçüsi bar. Olaryň ikisinde plastik turbalar, ätiýaçlyk şaýlar, fitingler, asma potoloklar, elektrik geçirijiler ýaly polimer önümleri we öý hojalyk önümleriniň 60-dan gowrak görnüşi öndürilýär. 2017-nji ýylda «Derýakeramika» haryt nyşanly sanfaýans we keramika önümlerini öndürýän kärhananyň işini ýola goýduk. Soňra Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Ýylyderýa» diýlip atlandyrylan täze kärhanany işe girizdik. 13 gektar meýdany eýeleýän bu iri önümçilik toplumynda önümhanalaryň üçüsi bolup, olarda dürli görnüşli turbalar, suw gyzdyryjylar we beýleki plastik önümler öndürilýär. Taryhy ýylda uludan bellenilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli täze önümi — suw gyzdyryjy enjamlary (boýlerleri) öndürip başladyk. Geljekde alýumin radiatorlary öndürmegi meýilleşdirýäris.

Şeýlelikde, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amal edilmegi üçin geljekde-de yhlas-başarnygymyzy gaýgyrmarys. Bu asylly işlerde bize hemmetaraplaýyn goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir — diýip, hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Röwşen Muhammetnurow gürrüň berýär.

Telekeçilik işinde bir ýerde durmak bolmaýar. Onda mydama hereketde, gözlegde bolmaly. Çünki döwür ösýär, özgerýär. Şonuň bilen birlikde, halkyň önüm öndürijilerden edýän talaby-da barha artýar. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri muňa gowy düşünýärler. Şonuň üçin-de olarda täzeçillik bar, ösüş-özgeriş bar. Olaryň önümlerini halkymyz täze gurýan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynda ulanýarlar, paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň çar künjegindäki düýpli gurluşyklarda «Derýaplastigiň» dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerinden peýdalanylýar. Halk üçin, ýurdumyz üçin edilýän sogaply işler bolsa mydama üstünlik getirýär.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42832