
Şu günler ak bazarlarymyzdaky berekedi görseň, gözüň dokunýar. Tekjelerde rejelenip goýlan gök-bakja ekinleriniň, dürli miweleriň deňinden biparh geçip bolmaýar. Aýratyn-da, behişdi nygmat bolan türkmen gawunynyň hoşboý ysy çar ýana bark urýar. Onsoň, biýarasynda bala öwrülýän uçmahy gawunlaryň diňe keremli türkmen topragynda bitýändigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Gadymy Merwdäki Gäwürgaladan gawun tohumynyň tapylmagy eziz Diýarymyzyň diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, behişdi gawunlaryň hem watanydygyny subut edýär. Onuň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri, taryhçylary: «Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmandym», «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýen ýaly gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Orta asyrlara degişli ýazuw ýadygärliklerinde-de Merwiň gawunlarynyň diýseň süýji bolandygy barada aýdylýar. Süýjäp, ýetjek derejesine ýetende sähelçe sese ýarylýan türkmen gawunynyň tarypy dünýä dolup, taryhyň gatlaryna siňipdir. Ol arap halyflarynyň, Rim, Hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň saçaklaryny bezäpdir. «Waharman», «göktorly», «gülaby», «sarygyz», «garrygyz», «emiri», «gürbek», «akmaral», «zamça», «hojapeş», «kyrkgünlük», «mazy»... daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdirýän gawunlarynyň görnüşlerini sanasaň, sogaby bar. Alymlar olaryň 400 töweregi görnüşiniň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de paçagynda guradylan çigitden süýji gawuny alyp bolýandygy tejribede ýüze çykaryldy. Gadymda pederlerimiz eti ýumşak bolar ýaly, gawunyň tohumlyk çigidini süýde ezip goýup, soňra ekipdirler.
Dürli witaminlere baý türkmen gawuny saglyk üçin-de peýdalydyr. Ene-mamalarymyz onuň sowuklamany açýandygyny aýdardylar. Gyşa durýan gawunlary ýekenden sebet örüp, küme jaýlarda asyp goýardylar.
Lukmanlar gawunyň peşew halta, öt halta, bagra, aşgazana we içegä oňat täsir edýändigini, nerw rahatlygyny döredýändigini, waharman gawunynyň ternesiniň öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydygyny aýdýarlar. Şeýle-de gawun kakynyň düzüminde ýagyň, kletçatkanyň, foliý kislotasynyň, karotiniň we beýleki witaminleriň saklanýandygy sebäpli, ýürek, bagyr, böwrek kesellerini bejermekde, ganazlykda peýdaly hasaplanylýar.
Türkmen telekeçileri gawun kakyny gaýtadan işläp, bal tagamly süýjüleri taýýarlaýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň taýýarlaýan şokolad örtgüli gawun kaklary daşarky bazarlara-da ugradylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öňünde halkymyzy türkmen topragynyň önümleri bilen üpjün etmek baradaky wezipäni goýmak bilen, ekin ekýän daýhanlara we telekeçilere ähli ýeňillikleri döredip berýär. Şonuň netijesinde hem ak bazarlarymyz ýokary hilli, datly önümler bilen barha baýlaşýar.
Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.