«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýedi aýyny ýokary netijeler bilen jemlän Lebap welaýatynyň senagat kärhanalarynyň arasynda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy-da bar. Dogrusy, bu kärhana özüniň ösüş basgançaklaryny birsyhly ýokarlandyrmak bilen, indi diňe bir welaýatda däl, tutuş ýurdumyz boýunça-da öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy. Eýsem, şeýle ösüşler nämäniň hasabyna gazanylýarka? Ine, şeýle sowal bilen gyzyklanyp, biz bu öňdebaryjy kärhanada bolup, önümçilik işi bilen tanyşdyk.
Jemi 1400-den gowrak işgäri bolan bu kärhana önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýär. Olarda öndürilýän önümleriň görnüşleri-de, möçberi-de ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň ýedi aýynda kärhana 55 million 800 müň manatlyk önüm öndürip, bu baradaky tabşyrygy 106,6 göterim ýerine ýetirdi. Kärhananyň esasy önümi bolan fosforly dökünleriň 151 müň 480 tonnasy öndürilip, bu baradaky tabşyryk hem 130 göterim berjaý edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin zerur bolan fosforly döküniň ýeterlik möçberi öndürilip, häzirki wagtda ol degişli ýerlerine yzygiderli ugradylýar. Ýurdumyzyň daýhanlary güýzde başlanýan bugdaý ekişiniň öň ýanynda topragy hut şu dökün bilen gurplandyrýarlar. Bu döküniň ekin üçin zerurlygyna gowy düşünýän hünärmenler onuň düzümini talaba görä baýlaşdyryp durýarlar. Kakajan Geldiýewiň ýolbaşçylyk edýän işçiler topary bu babatda görelde görkezýär.
Geljekde bu ýerde konsentrirlenen fosfor dökünini öndürmek hem göz öňünde tutulýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» girizilen täze önümhananyň gurluşygyny 2021 — 2024-nji ýyllarda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Iň guwandyryjy ýeri-de bu döküni öndürmek üçin gerek bolan çig mal — kükürt kislotasy kärhananyň özünde öndürilýär. Mahlasy, täze önümçiligiň işe girizilmegi bilen öndüriljek önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine, şeýle-de mineral dökünlere bolan islegiň ýokarlanmagyna şert dörär. Aýratyn-da, ammonili superfosfat, oksigumat, tehniki we lukmançylyk kislorody, oba hojalygy üçin kükürtli himiýa serişdesi ýaly önümlere bolan isleg barha artýar. Ýurdumyzyň günbatar künjeginde hereket edýän senagat kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň kömegi bilen kärhanada täze önümçilikler yzygiderli ýola goýulýar. Kärhanada oba hojalygynda ulanylýan polietilen turbalaryň 25 millimetrlikden 110 millimetre çenli aralykdaky dürli ölçegdäkileri öndürilýär. Gyýanlydaky täze zawodda polimer çig malyny ulanmak arkaly dürli galyňlykdaky plýonkalary öndürmek hem maksat edinilýär.
Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürde hususyýetçiler tarapyndan ýyladyşhanalaryň köp sanlysy gurulýar. Olaryň ählisinde-de polietilen plýonkalar ulanylýar. Hut şonuň üçin-de polietilen plýonkalaryň ornuny tutup biljek önümi öndürmek meselesi kärhanada üns merkezinde durýar. Döwrüň talap edýän önümini öndürmek üçin kärhananyň hünärmenleri mydama gözlegde. Olar «Kökçi», «Ussat ýardamçy» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň hünärmenleri bilen bilelikde täze önümleri öndürmegiň üstünde işleýärler.
Kärhanada şu ýylyň ýedi aýynda zyýansyzlandyrmakda ulanylýan hlor hekiniň 307 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň biri bolan bu senagat kärhanasynda baý tejribeli halypa hünärmenleriň uly topary zähmet çekýär. Olaryň birleşen tagallasy netijesinde kärhanada önümçilik barha çalt depginler bilen ösýär we giňelýär. Şunda, esasan, öňdebaryjy tejribä, ylmyň gazananlaryna daýanmak bilen işi «galyndysyz önümçilik» esasynda alyp barmaga we ekologik arassalygy saklamaga uly üns berilýär. Kärhanada täze önümçilik toplumlary yzygiderli işe girizilýär. Şolaryň biri-de «alýuminiý sulfaty» diýlip atlandyrylýan koagulýant agyz suwuny arassalamakda ulanylýan serişde öndürýän toplumdyr. Ýakyn wagta çenli onuň her ýylda 7 — 10 müň tonnasyny daşary ýurtlardan satyn alynýardy. Indi bu önüm artykmajy bilen özümizde öndürilýär. Kärhananyň her ýylda bu önümiň 15 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar. Kärhana bilen bilelikde iş alyp barýan «Ussat ýardamçy» hojalyk jemgyýetiniň geçiren synag işleri özüniň gowy netijesini berdi. Häzirki wagtda bu ýerde alnan täze önümiň häsiýetleri öwrenilýär. Eger-de ol özünden edilýän talaby ödäp bilen ýagdaýynda, onda bu önümi uly möçberde öndürmek göz öňünde tutulýar. Eger-de ol talapdan pes netije berse, onda synag işleri ýene-de dowam etdiriler.
Kärhanada döredijilikli işläp, bu ýerdäki işleriň ilerlemegine öz mynasyp goşandyny goşýan hünärmenleri höweslendirmek meselesi-de ünsden düşürilenok. Olara ýörite berilýän pul baýraklaryndan daşary kärhananyň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän «Jennet» sagaldyş-dynç alyş merkezine mugt ýollanmalar-da berilýär. Kärhanada adam hakyndaky alada, işgäriň saglygyny dikeltmek, onuň höwesli işlemegini gazanmak hem mydama üns merkezinde saklanylýar. Şeýle aladalar bolsa işgärleri döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan»
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37673