Hökümetiň 9-njy fewralda bolup geçen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, hususy pudagy hem ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiliginiň durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen hem pugta baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşmak ugrunda maksatnamalaýyn işler, il-ýurt bähbitli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda alnyp barylýan işler hem özüniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende aýtsak, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmakda, importyň ýerini tutýan, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekeçilige goldaw bermekde, bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde amala aşyrylýan toplumlaýyn işlerde gazanylýan üstünlikler, köp babatda, ýerli gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik derejede we dünýä hil talaplaryna laýyk öndürilişine baglydyr. Ýerli çig mallaryň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islege eýe bolan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini taýýarlamaga, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmaga giň ýol açýar.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkan kän» müdirliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde döreden «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet toparlary hem bu asylly maksadyň mynasyp dowamat tapmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Jebel şäherçesinde ýerleşýän, häzirki zamanyň kämil enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu önümhananyň ýyllyk kuwwatlylygy baýlaşdyrylan kaoliniň 20 müň tonnasyny taýýarlamaga deňdir.
— Islegli gurluşyk serişdeleriniň hatarynda durýan baýlaşdyrylan kaolin keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimiziň öndürýän önümi häzirki wagtda içerki bazarlaryň sarp edijilerine ugradylýar. Geçen ýyl taýýarlan önümimiziň umumy möçberi 7 müň tonna golaýlady. Biz bu netijäni işlerimizi diňe bir çalşykda alyp barmak bilen gazandyk. Öndürýän önümimizi ýakyn geljekde daşarky bazarlara çykarmak ugrunda hem anyk işler alnyp barylýar. Kärhanada oturdylan kämil enjamlardyr döwrebap tehnologiýalar işlerimizi üç çalşykda ýola goýup, taslama kuwwatlygymyza çykmaga, iş orunlarymyzy hem köpeltmäge doly mümkinçilik berýär. Ýolmämmet Ýoljanow, Amanmuhammet Nuryýew, Döwrangeldi Rozygeldiýew ýaly hünärmenlerimiz gelip gowuşýan buýurmalaryň öz wagtynda berjaý edilmeginde aýratyn yhlaslylyk görkezýärler — diýip, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nepes Rozykulyýew ynamly aýdýar.
Kaolin magdany, mälim bolşy ýaly, dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär. Ol öz düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejiklerini saklaýar. Zerur bolan çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasynyň golaýyndaky känden gazylyp alynýar. Häzirki wagtda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň «Derýakeramika» haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän kärhanasy öz alyp barýan işlerinde baýlaşdyrylan kaolini giňden ulanýar. Sanfaýans, keramika önümleri bolsa häzirki wagtda ýurdumyzda we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Şonuň ýaly-da, baýlaşdyrylan kaolin ak sementi, farfor gap-gaçlary, elektrotehniki izolýatorlary öndürmekde, kagyz, karton, rezin, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini, boýaglary, arassaçylyk serişdelerini taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyz barada edýän irginsiz aladalaryna mynasyp iş bilen jogap bermegi baş wezipä öwren «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döwrebap täze önümhanasynyň 30-a golaý işçi-hünärmeni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny belent sepgitlere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýär. Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlap, sarp edijilere ýetirmegi başaran önümhananyň hünärmenleri halal hem netijeli zähmet çekmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.