26-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyz düzümiň işini döwrüň talaplaryndan ugur alyp guramak bilen bagly möhüm meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, Halk Maslahatynyň agzalaryny täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, şeýle-de wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik-hukuk özgertmeleriniň nobatdaky tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary täze syýasy-demokratik ulgamy kemala getirdi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi halk häkimiýetliliginiň mizemez ýörelgelere esaslanýandygyny görkezdi.
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynda häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň hatarynda Milli Geňeşiň düzümi, onuň palatalarynyň işiniň esaslary kesgitlendi. Has takygy, Esasy Kanunymyzda ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy özgerdildi. Esasy Kanunyň 66-njy maddasynda Milli Geňeş hem hasaba alynmak bilen, şeýle bellenýär: «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar».
Ýokary konstitusion hukuga eýe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti şu iki nukdaýnazardan möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, bu saýlawlaryň netijesinde, döwletiň konstitusion gurluşynda täze düzüm emele geldi. Galyberse-de, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny has-da ýokarlandy.
Ýeri gelende, Milli Geňeşiň konstitusion kadalar bilen berkidilen hukuk ýagdaýy barada durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 77-nji maddasynda Milli Geňeşiň (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradygy we onuň iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy bellenýär. Esasy Kanunyň 802-nji maddasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary hem degişli konstitusion kadalar esasynda düzgünleşdirilýär. Olar Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, Konstitusion kanunlary we beýleki hukuk resminamalaryny makullamakdan ýa-da ret etmekden, Mejlis tarapyndan kabul edilen Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Kanunyna garamakdan, ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözmekden, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, içeri işler, adalat ministrlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamakdan, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamakdan, oňa harby we gaýry döwlet atlaryny dakmakdan, Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmekden, parahatçylykdyr howpsuzlyk meselelerine garamakdan, Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmekden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde duran esasy wezipeleriň üstünde durup geçdi. Olaryň hatarynda raýatlaryň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen, ony strategik taýdan özgertmek, ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak ýaly wezipeler bar.
Ýakynda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», şeýle hem «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararlarynyň ençemesiniň taslamalaryna garaldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň 22-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimize Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, onuň halkara abraýyny artdyrmakda bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de şahsy goşandy we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy. Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran döwlet Baştutanymyza şeýle belent adyň dakylmagy raýatlarymyzyň kalbyny ruhy joşguna besledi.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29960