Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle resminamalaryň biri hem «Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Karardyr.

Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama üç ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

Ygtyýarnama bilen Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem ekologik, sanitariýa-epidemiologik, gigiýena, ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmegi, ygtyýarnama bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmegi, işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan halatlarda jaýlaryň, desgalaryň, enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň ygtyýarnamalara bildirilýän ýörite şertlere laýyk gelmegi, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, içerki gözegçilik kadalarynyň bolmagy we beýleki talaplar bellenilýär.

Düzgünnamada ygtyýarnamaly tarapyndan öndürilýän önümiň hili Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegi, barlag geçirilende ygtyýarlandyryjy we beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan talap edilen zerur resminamalary bermegi, bellenen möçberden ýokary geçýän möçberde ozon gatlagyny zaýalaýjy maddalaryň getirilmezligi, öndürilmezligi we ýerlenilmezligi ýaly talaplar bildirilýär.

Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda her bir ýüze çykýan gatnaşyklaryň kämil kanunçylyk esaslarynyň döredilmegi durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini we ýokary hilini üpjün edýär.

Atajan HYDYROW,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň gurluşyk ulgamlarynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21154