Kämil kanun — berk binýat

Telekeçilik işiniň kanunçylyk esaslary 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, türkmen telekeçileriniň işini döwlet tarapyndan goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýen kadanyň berkidilmegi, telekeçiligi goldamagyň, ösdürmegiň hukuk binýady bolup çykyş edýär. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, telekeçilik, ýagny hususy iş başyny tutujylyk — munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hem-de töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň — kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak, hususy kärhanaçylyk işidir.  

                                                                   

Häzirki wagtda telekeçilik işini goldamaga, olaryň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilýär we olar yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda kabul edilen «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Firma atlary hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda telekeçiligiň oňyn ösüşini höweslendirmek boýunça çäreleriň we gurallaryň giň toplumyny öz içine alýan döwlet goldawynyň berilýändigi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu goldaw Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, hususan-da, «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylýar.  

                                                                   

Telekeçilere ýakyndan ýardam bermekde degişli kanunçylyk namalarynyň, maksatnamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, elýeter bahaly sarp edilýän harytlary öndürmekde dürli görnüşli kärhanalary döretmek we önümçiligi ýokarlandyrmak üçin banklar tarapyndan olara goldaw hökmünde uzak möhletleýin, az göterimli karz serişdeleri berilýär. Bu babatda 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.  

                                                                   

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hem-de beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik şahslary, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmaga hukugy bardyr. Ýöne munuň üçin olaryň telekeçi hökmünde döwlet belligine alynmagy zerurdyr. Çünki telekeçiniň ýagdaýyna (statusyna) Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertipde döwlet belligine alynmagy (döwlet registrasiýasy) esasynda eýe bolunýar. Bellige aldyrman, telekeçilik işi bilen meşgullanmak gadagandyr.  «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynda telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleri döwlet tarapyndan goldamak babatda giňişleýin beýan edilýär. Maddada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy-tehniki serişdeleriň berilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuk, ykdysady we gaýry maglumatyň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň beýleki esasy ugurlary berkidilendir. 

                                                                   

Telekeçilik bilen meşgullanmaga döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! 

                                                                   

 Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
 

                                                                   

 Berekedi boldan bolsun!  

                                                                   

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda oba hojalygyna degişli pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleri ýerine ýetirmek bilen, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we halkara standartyna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek arkaly azyk howpsuzlygyny doly üpjün etmegiň kanunçylyk binýady hem döwrebap derejede kämilleşdirilýär.   

                                                                   

«Azyk howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýan, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de agzalan Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, azyk howpsuzlygy — ýurduň azyk garaşsyzlygy, ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň öndürilmeginiň zerur derejesini üpjün edýän, şeýle hem işjeň we sagdyn durmuş üçin zerur bolan mukdarda azygyň ähli ilat üçin fiziki we ykdysady taýdan elýeterliligine kepil geçilmesidir. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, daýhanlarymyz, maldarlarymyz irginsiz zähmet çekip, bu babatda şahsy goşantlaryny gaýgyrmaýarlar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň hukuk binýadyny emele getirýän, bu ulgamyň kämilleşdirilmeginiň we ösdürilmeginiň çäklerinde oba hojalygyna degişli «Daýhan birleşikleri hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, Suw kodeksi we «Ýer hakynda» Bitewi kanunyny belläp geçmek bolar. 

                                                                   

Bazar gatnaşyklarynyň ösýän döwründe, halk hojalygynyň esasy pudagy bolan oba senagat toplumyny ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmek durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

                                                                   

 Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna  gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.
 

                                                                                                           

«Adalat».