Kämil dolandyryjy ýaşlar: maksatnamalaýyn ileri tutulýan ugurlarda

Bagtyýar raýatlarymyzyň erk-islegi bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylymyz halkymyzyň ýagty geljegi üçin taryhy ähmiýetli wakalardan başlandy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň fewral aýynyň 11-ine geçirilen mejlisiniň gün tertibinde ýurdumyzyň geljek 30 ýylda ösüşiniň baş ugurlaryny kesgitlejek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegine hem-de döwletimizi dolandyrmak işine hakyky watançy, edep-terbiýeli, bilimli, sowatly, iş başarjaň ýaşlary çekmek meselelerine aýratyn orun berildi. Bu başlangyçlar uzak möhlete bellenen maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmekde halkymyzyň öňden gelýän asylly halypa-şägirtlik ýörelgesine pugta eýerilýändigine şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Döwlet, halk ähmiýetli meselelerde jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar, giň dünýägaraýyşly ýaşlary öňe çykarmak başlangyjy özüniň many-mazmuny boýunça sahawatly ýörelgedir. Halkymyz döwleti dolandyrmakda şerti, ýoly, talaby, kadasy boýunça milli mekdebi döretdi. Şeýle ýaş ýolbaşçylaryň syýasy zehini, ykdysady pikirlenişi, medeni-ruhy hem adamkärçilik kämilligi bilen döwletimiz ykdysady taýdan barha gülläp ösýär. Durmuşyň hakykaty babatynda ýaşlara mynasyp terbiýe bermek, owal maşgalada, soňra döwletde kämillikden nyşandyr. Ýaş ýolbaşçylaryň edep-terbiýesi, ruhy sagdynlygy köp babatda jemgyýetçilik gurşawyň täsirinden bolsa, ylym-bilime, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy şahsyýetiň erkine bagly hereketdir. Kähalatlarda ýaşlaryň şahsyýet derejesinde kämil bolmagy üçin, durmuş meselelerinde özbaşdak çözgüt tapmaga mümkinçilik bermeli ýerleri bolýar. Şunda ýaşulynyň halypalyk borjunda ýerlikli maslahat bermek, emma ahyrky çözgüdi ýaşlaryň öz erkine goýmak wezipesi durýar.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şeýle ýaşlary döwleti edara etmek ýaly iň ýokary wezipelere çekmek arkaly, halkymyzyň ykbalyny, geljegini kesgitlejek meseläni — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine mynasyp ýaş dalaşgärleri çykarmak başlangyjyny öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy esasynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda tutuş ýurdumyzda jogapkärçilikli, syýasy-jemgyýetçilik çäre — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň raýatlary Watan ykbalyny, milletiň geljegini kesgitleýän bu meselede iň mynasyp, iş başarjaň, döwletiň syýasy we hojalyk dolandyrylyşynda tejribesi bolan, özüniň zehini hem watançylyk edebi bilen öňe saýlanan mynasyp dalaşgäre öz seslerini berdiler.  

                                                                   

Ýurdumyz bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde durmuş-ykdysady, ruhy-medeni taýdan belent galkynyşlara eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde, halk hojalygyny dolandyrmagyň has kadaly hem netijeli nusgasyny, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň pugta binýadyny kemala getirmek öňde duran derwaýys meselelerdir. Ählihalk geňeşinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» düýpli döwrebaplaşma meýilnamasynda ýurdumyzda geljek 30 ýylda guruljak önümçilik toplumlary, ykdysady pudaklaryň geljegi, bina ediljek desgalar, dörediljek täze obadyr «akylly» şäherler, ulanyşa beriljek bilim, medeni-durmuş maksatly desgalar hem ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary birin-birin görkezilendir.  

                                                                   

Maksatnamada bilim ulgamyny ösdürmek wezipeleri giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Milli bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdeplerde tehnologiki taýýarlygy we ýöriteleşdirilen okuwlary girizmegi dowam etmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, halkara derejelerine laýyk gelýän aýratyn zehinli ýaşlar üçin bilim edaralaryny döretmek, hünär öwredýän ýörite orta okuw mekdeplerini ýola goýmak bellenildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlar, bar bolanlary düýpli döwrebap enjamlaşdyrylar, olaryň ylmy-usulyýet binýady has-da kämilleşdiriler. Olarda ylmyň we önümçiligiň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän täze hünärler, düzüm birlikler dörediler. Halkara ülňülerine laýyk gelýän reýting derejeleriň gazanylmagynyň netijesinde okuw standartlary kämilleşer. Türkmen ýaşlary şeýle-de daşary ýurtly raýatlar üçin tölegli okuwlaryň geriminiň giňeldilmeginiň hasabyna ulgamy hojalyk hasaplaşygynda maliýeleşdirmek dowam etdirilip, bu çemeleşme Türkmenistanda ylmyň ösdürilmeginiň esasy ugruna öwrüler. Türkmenistanly ýaşlary daşary ýurtlara ýörite we ýokary hünär bilim almak üçin okuwa ibermegiň maliýe, hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de olaryň sanynyň artdyrylmagy ugrunda ulgamlaýyn çemeleşmek, ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini, döredijilik ukyplaryny açyp görkezmeklerini gazanmagy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz maslahatda eden çykyşynda döwleti dolandyrmagyň sagdyn, ylym-bilim taýdan zehinli ýaş ýolbaşçylara ynanylmagynyň netijesinde Milli maksatnamanyň ýaşlaryň yhlasy, gujur-gaýraty bilen amala aşyryljakdygyna berk ynanýandygyny hem-de döwletimiziň geljegi üçin juda uly orna eýe boljakdygyny, eýýäm ýakyn ýyllarda Watanymyzyň keşbiniň hem, biziň durmuşymyzyň hem, ýaşlaryň geljeginiň hem tanalmaz derejede özgerjekdigini buýsanç bilen belledi. 

                                                                   

Uzakmöhletli ösüşlere gönükdirilen täze maksatnamada makroykdysady we maliýe durnuklylygy saklamagyň hasabyna sebitleri ösdürmek meselelerine möhüm orun berilýär. Milli ykdysadyýeti düýpli sanlylaşdyrmak, pudaklaýyn düzüme köpugurlylyk häsiýetini bermek, senagat pudaklarynyň paýyny artdyrmak, eksporta ukyply hem importyň ornuny tutýan önümçilikleri has-da giňeltmek, hususy telekeçilige giň gerim bermek, innowasiýaly täzeçilliklere önümçilikde hem durmuşda giň ýol açmak ýaly ugurlarda durmuşa geçiriljek işler diňe bir döwletimiziň däl, her bir maşgalanyň durmuşyny özgerder. Diňe bir şäherleriň däl, oba ýerleriniň durky düýpgöter özgerer, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesi, durky, hili ýokarlanar.  

                                                                   

Milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzy pajarladyp ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça kabul edilen Maksatnamada bellenilen çäreler Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Göz öňünde tutulan wezipeleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny pugtalandyrmagy, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan bu ýana hem ýokary göterilmegini üpjün etmegi maksat edinýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan tutuş dünýä bilen bilelikde ýeňil-ýelpaý bolmadyk ýiti hem howply pandemiýanyň agyr täsirlerini ýeňip geçmek, özüniň durmuş-ykdysady binýadyny pugtalandyrmak, milli eksport kuwwatyny artdyrmak meseleleri bilen ýüzbe-ýüz durýar. Tutuş dünýäniň sanly binýada geçýändigini hem ýatdan çykarmaly däldiris. Sanly tehnologiýalar häzirki zaman durmuşyň hakykatyna öwrüldi. Biz maglumat innowasiýalary bilen durmuşyň her ädiminde diýen ýaly ýüzbe-ýüz bolýarys. Maglumat häzirki döwürde ösüşleriň badyny kesgitleýän serişdä, gymmaty bolan haryda we hyzmata öwrüldi. Häzirki zaman dünýäde diňe bilimli ozýar. Hut şol nukdaýnazardan, Türkmenistanda bilimi, maglumat sowady, kompýuter başarnygy ýokary bolan ýaşlar üçin hemme ýollar açyk. Durmuşda ýaşlaryň öz orunlaryny tapmagy üçin uly mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdýarys.  

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.