Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň amala aşyrýan ykdysady strategiýasy bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, bank ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ýaly ugurlara gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Sanly ulgama geçilmegi müşderilerimiz üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýär.
Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler, ilkinji nobatda, hyzmat edişiň hilini we tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi bilen, dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylary taýýarlanyldy. «Altyn asyr» bank karty, «Milli kart», «Goýum» bank karty, «Maşgala» we «Owerdraft» karz bank karty ýaly bank kartlary arkaly hem-de «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Galtaşyksyz töleg» hyzmatlary arkaly nagt däl görnüşde tölegleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Nagt däl hasaplaşyklaryň raýatlara amatly bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alýan raýatlar bilen bank tarapyndan gurnalan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde hasaplaşyklar geçirenlerinde, «Altyn asyr» bank kart hasaplaryna goşulýan «Cash back» pul sylagynyň möçberiniň 3 göterim ýokarlandyrylandygyny aýratyn bellemek bolar.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan pul-karz syýasaty yzygiderli geçirilip, önümçilik we eksport ugurly pudaklara, kiçi we orta telekeçilere uly goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, bank ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylyp, uzak möhletleýin karzlar hem-de ipoteka karzlary berilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň telekeçilerine ýeňillikli karzlaryň berilmegi netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi we netijede, azyk howpsuzlygynyň döredilmegi bilen, diňe bir ykdysadyýetimizde däl, eýsem, oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Bulardan başga-da, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny satyn almaklary, raýatlara bölünip berlen mellek ýerlerinde maldarçylyk, guşçulyk we ekerançylyk bilen meşgullanmaklary, önümçilik maksatly ýerli çig mallary taýýarlamak, dolanyşyk we esasy serişdeleri edinmek üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny güýçlendirmek ugrunda edilýän işleriň ählisi adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Begenç ATABAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Daşoguz» şahamçasynyň baş hasapçysy.