jümle-jahan habarlary

Dünýäde iň uzyn asma köpri

Demirgazyk Portugaliýanyň Aroka şäherçesiniň golaýynda uzynlygy 516 metre barabar bolan pyýadalar üçin iň uzyn asma köpri guruldy. «516 Aroka» diýlip atlandyrylan köpri 175 metr çuňlukdaky dereden akýan Paiwa derýasynyň üstünden geçýär. Gurluş V şekilli beton diňlere birikdirilen polat urganlardan asylandyr. Köprini gurmak üçin iki ýyl töweregi wagt sarp edildi we oňa takmynan, 2,3 million ýewro harçlanyldy. «516 Aroka» köprüsi dört ýyldan bäri saklanyp gelýän dünýä rekordyny täzeledi. Şu wagta çenli Şweýsariýadaky pyýadalar üçin niýetlenilen Çarlz Kuonen adyndaky köpri iň uzyn diýlip hasap edilýärdi. Ol Randa obasynyň golaýyndaky Mattertal jülgesiniň gündogar böleginde ýerleşýär. Onuň uzynlygy 494 metre barabardyr.

Iň uly uçar ýene asmana galdy

Dünýäde iň uly uçar ýene-de asmana uçuryldy. Arap we pars rowaýatlaryndaky hyýalyýet äpet guşuň hormatyna «Roc» («Ruh») diýlip atlandyrylan äpet uçaryň agramy 226 tonna, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 117 metre barabardyr. Ol ilkinji gezek 2019-njy ýylyň aprelinde asmana galypdy. Emma käbir sebäplere görä, ondan soň uçar bir gezegem uçurylmady. Awiasiýanyň bu äpediniň ykbaly şu wagta çenli näbelli bolup galypdy. Ýakynda «Stratolaunch» kompaniýasynyň bu uçary Mohawe (Kaliforniýa ştaty) çölünde ikinji gezek uçuryldy. Ol ýeňillik bilen asmana galdy we emaý bilen ýere gondy. Uçuş üç sagatlap dowam etdi. «Roc» 10 kilometr belentlikde uçmaga niýetlenilendir. Ol kosmiki enjamlary älem giňişligine uçurmak üçin peýdalanylar diýlip garaşylýar.

Aeroponika tehnologiýasy

Dünýäniň köp ýerlerinde eýýäm bu tehnologiýadan giňden peýdalanylýar. Şeýle usul arkaly topraksyz ekin ekip, ösümlik ýetişdirmek bolýar. Ylmy taýdan işlenilip taýýarlanylan we alymlar tarapyndan ykrar edilen bu usula «howada ekin ýetişdirmek» hem diýilýär. Aeroponika adamyň el zähmetini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda ekinleriň ösüşini çaltlandyrýan, olaryň hasyllylygyny artdyrýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň hataryna girdi. Aeroponiki enjamlar bolsa himiki dökünleri we adamyň saglygy üçin zyýanly bolan serişdeleri ulanmazdan, ýylyň bütin dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Şonda kämil enjamlaryň kömegi arkaly ekinleriň kökleri kislorod bilen baýlaşdyrylyp durulýar. Ekinlere iýmit bolsa suwda eredilip, damjalaýyn usulda berilýär.

Skat ýa-da uly wagşy deňiz balygy

Deňizlerde we ummanlarda ýaşaýan bu täsin jandarlaryň 300-den gowrak görnüşi hasaba alyndy. Olar balyklar, planktonlar, mollýuskalar, leňňeçler bilen iýmitlenýärler. Skatlaryň ýasy beden gurluşy, inçe, uzyn guýruklary we arka tarapynda ýerleşen gözleri bolup, olaryň tenlerindäki teňňeleri örän dykyz ýerleşendir. Olar Arktikanyň we Antarktidanyň sowuk hem-de tropiki we ekwatorial ýyly deňizlerde we ummanlarda-da duş gelýärler. Käbirleri 1 metr çuňlukda ýüzseler, käbirleri suwuň 2,7 kilometr çuňlugynda-da özlerini gowy duýýarlar. Skatlaryň köpelişi we agramlary dürli-dürlüdir. «Manta» diýlip atlandyrylýan görnüşleri olaryň iň ululary hasaplanylýar. Manta skatlarynyň has äpetleri ýüzgüçlerini doly ýazanda, uzynlygy 9 metre çenli, agramy bolsa 3 tonna çenli ýetýär. Olaryň täze doglanlarynyň agramy 10-12 kilograma, ululygy hem 1 metre golaýdyr. Dünýäniň köp ýerlerinde bu deňiz jandarlaryny awlamak gadagan edilendir.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.)


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28268