Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
2-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy üýtgäp dur. Hormatly Prezidentimiz, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi. Şunda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ilki bilen Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy çykyş edip, milli Liderimize tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmekde amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlyklary nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdiler. Hasabatlarda nebite, gaza, gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hem aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, ýurdumyzyň nebit senagatynyň öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidigini belledi, tabşyryklary berdi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktorynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy. Öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory öz hasabatynda häzirki wagtda uniwersitetiň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenleriň 23 ugur boýunça taýýarlanylýandygyny hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlarynyň alnyp barylýandygyny, şu okuw ýylynda uniwersitete 1480 talybyň, magistratura bolsa 15 talybyň kabul edilendigini aýratyn nygtady. Şeýle hem rektor nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, güwälendirmek, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada habar berdi. Bu ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna «Sanly ykdysadyýet» sapagy girizildi.
Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere, HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi. Şoňa görä, uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamak wajypdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «СNPС», «Dragon Oil», «Hyundai», «LG», «Lukoýl», «ARETI» we beýleki köp sanly abraýly kompaniýalaryň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer topluma ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, milli Liderimiz nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, nebiti bazar nyrhlary boýunça satyn almak we ony ykdysady taýdan bähbitli şertlerde gaýtadan işlemek hem-de öndürilen nebit önümlerini eksporta iberip, ondan goşmaça girdeji almak meseleleri oňyn çözülmelidir. Uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi.
Maslahatyň barşynda milli Liderimiz maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere bu ugurdaky degişli edara-kärhanalaryň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokuroryna toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi. Iş maslahatynyň jemini jemläp, döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň tutanýerli işlemelidigini aýtdy. Nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipler taýýarlanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
"Nesil".