Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
10-njy fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir.
Ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri çykyş edip, ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz ministre döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlyklary, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory degişli ugurlarda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda ministrligiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, milli Liderimiz iş bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegi kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline, howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen standart hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna komitetiň işini dünýä tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz düzümiň işine nägilelik bildirdi, degişli ugur boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Merkezi bankyň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli sazlaşykly ösüşini saklamak, ony sanlylaşdyrmak, pul toplumyny kadalaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi. Bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz maýa goýum işjeňligini goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Döwlet ösüş bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlyklary degişli yzygiderlilikde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler. Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlary ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ýokary okuw mekdepleriniň halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi, rektorlara degişli tabşyryklary berdi.
Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.
Ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen, milli Liderimiz toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
"Nesil".