Işler sazlaşykly guralýar

Soňky ýyllarda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň çar künjeginde gysga döwrüň içinde dünýä ölçeglerine doly kybap gelýän häzirki zaman kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň «Owadandepe» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» döwlet kärhanasyna möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek baradaky tagallalaryny durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barýan bu kärhana ýurdumyzda giň möçberde ulanylýan aýna önümlerini öndürmekde möhüm orun degişlidir. Onuň sazlaşykly işi bolsa bu önüme bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagynyň esasy şerti bolup durýar. Kärhananyň ýyllyk taslama kuwwaty 4 millimetrlik float usuldaky aýnanyň 7,2 million inedördül metrine ýa-da 72 müň tonnasyna deňdir. Bu önümçilik toplumynda ýylda 3,95 million inedördül metr aýna, 1 million inedördül metr tonirlenen aýna, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýna, 300 müň inedördül metr taplanan aýna paketleri öndürmäge mümkinçilik bar.

Taplanan aýnalar, esasan gurluşyk binalary, gapylar, aşhanalardaky stollar we beýlekiler üçin niýetlenendir. Laminirlenen aýnalar awtoulaglarda we binalarda howpsuzlyk maksatlary üçin peýdalanylýar. Energiýany saklaýan ýörite gatly aýna, esasan-da, Gün şöhlesiniň täsirini peseltmekde, ýagny, binalaryň içiniň salkynlygyny saklamakda aýratyn ähmiýetlidir.

Kärhanada önümçiligiň tutuş düzümi boýunça tehnologik amallar göz öňünde tutuldy. Çüýşe önümçiligi boýunça ulgamda azyk we derman senagaty üçin degişli çüýşe gaplarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Çüýşe gaplarynyň ulgamynda peç, peçden gyzyl aýna erginini galyplamak, sowatma hem-de galyplama bölümleri bolup, şolarda, aýratyn-da, dürli göwrümli içgileri guýmak üçin niýetlenen çüýşe gaplarynyň we bankalaryň, şeýle hem dürli lukmançylyk derman gaplarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu ýerde bir ýylda çüýşe gaplarynyň 85 millionyny, şol sanda onuň 23 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny bellemek gerek. Kärhananyň bu önümçilik bölüminde oturdylan enjamlar reňksiz we dürli reňkli çüýşe gaplaryny öndürmäge şert döredýär.

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň wekilleriniň, dürli önümleri öndürýän we gaýtadan işleýän senagaty bolan telekeçileriň bu kärhananyň önümlerine sargytlary yzygiderli köpelýär. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gaplanan önümler bilen bir hatarda, şireli içgileriň örän köp görnüşlerini öndürýärler. Şolaryň çüýşe gaplara gaplanmagy bolsa önümleriň degişli derejede saklanylmagyny hem-de hiliniň kada laýyk bolmagyny üpjün edýär. Munuň üçin çüýşe gaplar öňler daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, indi olaryň şeýle önümler bilen üpjünçilige ajaýyp mümkinçilikler açyldy. Bu bolsa milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytllaryň ornuny tutýan önümçilgi pugtalandyrmak işiniň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň barha ösýändigini, ýerli çig maldan taýýarlanýan derman serişdeleriniň hem-de bejeriş-mineral suwlarynyň öndürilýändigini belläniňde, şolary gaplamak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny görkezýär. Şu maksat üçin derman senagaty pudagyna zerur mukdarda çüýşeler gerek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, kärhanada derman senagatyna niýetlenen dürli ölçegdäki çüýşeleriň öndürilmegi has-da guwançlydyr. Garylan çig malyň erediji peje geçirilmegine niýetlenen bölümde çig mal degişli derejedäki gyzgynlykda eredilýär. Galaýy wannasy diýlip atlandyrylýan bölek degişli derejedäki gyzgynlykda eredilen aýnadan dürli ölçegdäki we galyňlykdaky aýna listlerini öndürmäge niýetlenendir. Taplama böleginde bolsa dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen aýna önümleri gyzdyrylyp taplanýar, gatadylýar, berkidilýär. Kärhanada dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 15 görnüşini çykarmak ýola goýuldy. Aýna önümçiligi üçin ulanylýan çig malyň 99 göteriminiň öz ýurdumyzyň çäginden alynýandygy aýratyn bellärliklidir.

Aýna we aýna önümlerini öndürmek üçin gerek bolan kwars çägesi, natriý sulfaty, dolomit, hek daşy we beýleki serişdeler eziz Diýarymyzyň çäginden getirilýär. Bu zatlar bolsa kärhananyň çig mal üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygyna we onuň harajadynyň az bolmagyna ýardam edýär. Kärhananyň çäginde desgalaryň onlarçasy bina edildi. Şolaryň arasynda azot we wodorod öndüriji bölüm, howa gysyjy bölüm, suwuklandyrylan gazyň bölümi, ýangyn bölümi, tebigy gazyň önümi üçin ýörite desgalar, generator hem-de elektrik paýlaýjy, suw howdany we nasos beketleri işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edýär. Çig mal taýýarlaýjy desgalary öz içine alýan bölek bolsa aýratyn uly ähmiýete eýedir. Onda garyşdyryjy bina, çägäni baýlaşdyryjy desga, dolomoti, heki gaýtadan işlemek üçin desga, çig mal gözegçilik barlaghanasy, gaýtadan işlenen çig mal ammary, gaýtadan işlenilmedik çig mal ammary, garyndyny gaýtadan işleýän desga, bug gazan desgasy, terezi platformasy we demir ýol wagonlary üçin bassyrma ýerleşýär.

Häzir kärhanada önümçilik işleri gije-gündiziň dowamynda 4 çalşykda alnyp barlyp, 833 sany adam zähmet çekýär. Bu ýerde işleýän hünärmenleriň we olaryň maşgala agzalarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, abadan durmuşda ýaşamagy hem-de dynç almagy üsin 48 maşgala niýetlenen 2 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy bar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli aýna önümleri şertnama esasynda ýurdumyzyň çäklerinde we daşary döwletlerde giň möçberde alnyp barylýan gurluşyklara we önümçilik kärhanalaryna bökdençsiz ugradylýar. Bu kärhananyň önümleri ýurdumyzdan daşgary Özbegistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Owganystana, Täjigistan Respublikasyna yzygiderli eksport edilýär.

Bu toplumda işler döwrüň talabyna laýyk derejede guralyp, onuň önümçilik kuwwatlyklary barha artýar. Munuň özi kärhananyň agzybir işgärleriniň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlary hakynda edýän aladasyndan ruhlary galkynan bu kärhananyň işçi-hünärmenleriniň barha batlanýan iş depginleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir aýyny ýokary iş netijeleri bilen jemlejekdikleriniň aýdyň kepili bolýar.