Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly işleriň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy. Ol wagt tapyp kabul edendigi we bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Türkmenistanda bolmagynyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. 

                                                                   

Myhmanyň belleýşi ýaly, Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň köp okalýan neşirleriň biri bolup durýar. Özboluşly binagärlik çözgüdi, şeýle hem asylly ýörelgeler bilen tapawutlanýan milli gymmatlyklaryň bu meşhur neşire girizilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagynyň we ykrar edilen gymmatlyklaryň bütin dünýä üçin nusgalyk bolup durýandygynyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigatynyň bu özboluşly künjegi, sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň subutnamalarydyr. Şu nukdaýnazardan, okuw sapagyny guramak üçin hut şu ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary döredipdir. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we alabaýlar dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň paýhasyndan, zehininden binýat bolan gymmatlyklardyr. Olar türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze merkeziniň ýerleşýän ýeriniň ahalteke bedewleriniň ilki dörän ýeridigini, munuň üçin bolsa ýakymly dag howasy bilen şypaly çeşmelerden gözbaş alan Altyýap hem-de Sekizýap akabalarynyň oňyn täsiriniň bolandygyny belledi. Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gündogar hem-de günbatar ýakalarynyň bag-bakjaçylyga beslenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistan häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlary boýunça depginli ösýär, onuň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gazanýan üstünlikleri dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalar we taslamalar däbe öwrülen usulyýetleri ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleriniň sazlaşykly ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Gözel paýtagtymyzda gurlan köp sanly täsin we özboluşly binagärlik desgalary barada aýtmak bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda häzirki döwrüň gün tertibinde ileri tutulýan durnukly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgelerini we ilatyň ekologik medeniýetiniň ösdürilmegini üpjün edýän çäreleriň döwlet derejesinde yzygiderli geçirilýändigini nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz ýekşenbe gününde Türkmenistanda halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýyň hormatyna giň möçberli dabaralaryň ýaýbaňlandyryljakdygyny belledi. Bu dabaralar we şäher merkezlerinde alabaýlaryň, ahalteke bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagy halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Aýdyn Türkgüjü bu giň möçberli okuw maslahatyny guramagy we oňa gatnaşmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny belläp, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagalla üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de merkeziň çäginde açyk asmanyň astynda geçiriljek okuw maslahatyna taýýarlygyň derejesi, onuň geçiriljek ýeri we maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň wajyplygy barada giňişleýin maglumatlar berildi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan bu ýerde 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda edilen tagallalar barada habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň hem-de forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini belläp, bu ýerde okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmeginde ähmiýetlidigini aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bina edilen birnäçe häzirki zaman desgalarynyň we giň möçberli çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belledi. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we milli binagärlik aýratynlyklarynyň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň talabalaýyk dowam etdiriljekdigini belläp, bu işlere döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde örän möhüm bolup durýan “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

 Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylýan ýeriniň, bu ýerde bina ediljek suw çüwdürimleriniň, gök zolaklaryň taslamalary görkezildi. 

                                                                   

Akhan şaýolunyň möhüm çatrygynda bina edilýän desgalar toplumy bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olar merkeziň binagärlik keşbine özboluşly gözellik çaýmalydyr. Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalara we çyzgylara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Desgalaryň binagärlik aýratynlyklaryna, olaryň millilik derejesine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz merkeziň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda işleriň ýokary hil derejesine we onuň ähmiýetine möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şähergurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologik gurşawy döretmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Ozallar Köpetdagyň gerişlerini garyň örtmeginiň gyşyň gelendigini, daglarda garyň eremeginiň bolsa ýazyň gelendigini aňladýandygy barada ata-babalarymyz aýdardylar. Emma soňky ýyllarda dünýäde howanyň üýtgemegi bilen düşýän ygalyň, garyň derejesi peseldi. Munuň üçin bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň bilelikdäki tagallalary zerur bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ýokary ekologik derejäni üpjün etmek maksady bilen, köpçülikleýin bag nahallary ekilýär. Bu bolsa amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler we baglar Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giň meýdanlara uzap gidýär. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereginde emele gelen ýaşyl zolaklar oňaýly howa we ekologik ýagdaýy döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.