Halk arasyndaky gürrüňlere görä, ata-babalarymyz bulutlaryň dagdyr düzlere çöküşinden çen tutup, nirede ýerasty suwly ýataklaryň bardygyny anyklap bilipdirler. Şol ýerlerde dürli çuňlukdaky guýulary gazyp, ekerançylyga ýaramly hem-de içimlik suwy alypdyrlar. Häzirki döwürde ýerasty suwly ýataklary gözläp tapmakda we ilatyň arassa agyz suwuna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda ýörite edaradyr hünärmenler nusgalyk işleri bitirýärler. Olar Garagum sährasynyň dürli ýerlerinde bolup, geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrýarlar.
Şeýle asylly işler barada gürrüň gozgalanda, «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasy ýadyňa düşýär. Bu ekspedisiýanyň gidrogeologlary özleriniň toplan baý iş tejribelerini ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryp, ýerasty suwly ýataklary ýüze çykarmakda gowy netijeler gazanýarlar. Muny bu edaranyň zähmetsöýer geologlarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda gazanan iş netijeleriniň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Olar ýanwar — iýun aýlarynda meýilnamada görkezilen 12 300 pogonometr sütünleýin buraw işleriniň ýerine, 15 633 pogonometr burawlaýyş geçirip, meýilnamany 127,1 göterim berjaý etdiler.
— Biz — geologlar döredilýän giň şertlerden, berilýän kömek-goldawlardan ruhlanyp, her bir işe döredijilikli çemeleşýäris. Munuň özi iş öndürijiligimizi artdyryp, önümçiligiň öňe gitmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şu döwürde Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde iş alyp barmak bilen, ilata arassa agyz suwunyň täze ýataklary hödürlenildi. Häzirki wagtda bolsa hünärmenler Mary welaýatynda «Gündogar — Baýramaly», «Günbatar — Baýramaly», «Täze oba» hem-de Lebap welaýatynyň çäginde «Nazarym» meýdançalarynda ýerasty agyz suwuny gözlemek işlerini talabalaýyk ýola goýdular. Şeýle möhüm işde Annagylyç Rejebow, Şatlyk Jumaýew, Çary Söýünow, buraw ussalarymyz Kakamyrat Atajanow, Aşyr Allanazarow ýaly hünärmenlerimiz tutanýerlilik görkezýärler. Olar ýerine ýetirýän işlerinden lezzet alyp zähmet çekýärler. Şeýle öndürijilikli zähmetiň netijesinde, ümzügimiz öňe. Biz geljekde-de depginimizi gowşatman, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgatly bararys — diýip, «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň başlygy Amangylyç Çaryýew gürrüň berýär.
Welmuhammet GALANDAROW.