Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde, ýetilen belent sepgitlerde hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Paýtagt şäherimizde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän hususy kärhanalarda, hojalyk jemgyýetlerinde, daýhan hojalyklarynda gelin-gyzlaryň müňlerçesi yhlasly zähmet çekýär. Olar azyk, senagat, gurluşyk önümlerini öndürip, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarda haryt bolçulygyny döredýärler. Ajaýyp halylary dokap, owadan milli lybaslarymyzy taýýarlap, ene-mamalarymyzyň çeper el işlerini ussatlyk bilen dowam etdirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli işewür zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik, ine, şular dogrusynda boldy.
Ogulsoltan IŞIMOWA,
Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy:
— Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, hususy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, onuň düzüminiň giňeldilip, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Şonuň netijesinde hem hususy işewürlik milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçilik işiniň ugurlary, olaryň ygtyýarlyklary giňeldilýär, hususy işewürler maýa goýum taslamalaryny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe we maddy-tehniki kömegini bermek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerini mydama üns merkezinde saklaýar. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» elektron söwda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Döwür bilen deň gadam urýan işewürler häzirki wagtda milli internet dükanlarynyň, onlaýn hyzmatlarynyň işini göwnejaý ýola goýdular, olardan peýdalanýanlaryň sany-da barha artmak bilen.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen halkara işewür gatnaşyklary barha ösdürilýär, olaryň arasynda ulag we logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda bilelikdäki önümçilikleri döretmek, ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara, Ylalaşyklara gol çekilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dünýä tejribesini öwrenmegine, täze önümçilikleriň döredilip, olarda işleriň täze, innowasion tehnologiýalar esasynda ýola goýulmagyna getirýär. Bu babatdan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda garalan meseleler barada gürrüň etmek bolar. Konsultatiw duşuşykda sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, telekeçilik işjeňliginiň artmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Munuň özi geljekde hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde we giňeldilmeginde has-da möhüm ähmiýetlidir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen telekeçileriniň ýeten belent derejesini eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde görýäris. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hususy pudagyna iri möçberli taslamalary, düýpli gurluşyklary ynanýar. Olaryň ýokary hilli amal edilmegi üçin maýa goýum üpjünçiligine aýratyn üns berýär. Türkmen telekeçileri tarapyndan edil şu günlerde iri taslamalaryň — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulandyrylmagyna goşant goşmaga döredilýän giň şertler üçin milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys.
Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy:
— Milli telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynyň miwesi bolup, erkinligiň, özygtyýarlylygyň oňaýly täsiri bilen sanlyja ýylyň içinde düýpli özgertmelere, uly üstünliklere eýe boldy. Ýörjen-ýörjenlikden bedew batly ösüşlere ýetdi. Welaýatymyzyň işewürleriniň ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde ilkinjileriň biri bolup hereket edip başlandyklaryny buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu ýöne ýerden däl. Çünki geçmişde Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Merw irki döwürlerde-de täjirleriň şäheri diýlip tanalypdyr. «Täze aý», «Ak hünji», «Bereket», «Maksat deri», «Şatumar», «Datly şerbet» hususy kärhanalary, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti pederlerimiziň nusgalyk ýoluny ilkinjileriň hatarynda dowam etdirip, häzirki wagtda asylly işleri bilen diňe welaýatymyzda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda-da giňden tanalýarlar.
Bu gün maryly telekeçileri mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüji syýasaty bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti bir saçagyň başyna birikdirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýat merkezinde döwrebap ülňülerde gurlan «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän edara binamyzda telekeçiler bilen işewürlik maslahatlaryny geçirmäge, sergileri guramaga giň mümkinçilikler bar. Biz mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyndan ugur alyp, öz işimizi döwlet maksatnamalaryna esaslanan ýörite meýilnama boýunça alyp barýarys. Şol meýilnama esasynda telekeçiler tarapyndan medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap oba-şäherleri gurmak, iri önümçilik kärhanalaryny döretmek işlerini alyp barýarlar. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk, senagat we gurluşyk önümlerini öndürýärler. Hyzmatlar ulgamynda dünýä nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Şolaryň hatarynda telekeçi zenanlarymyzyň bolmagy diýseň buýsandyrýar. Tejribeli telekeçi Aýhan Hajyýewa Mary şäherinde ýerleşýän, ýylda 20 million jübüt aýakgap önümçiligine niýetlenen döwrebap önümhana ýolbaşçylyk edýär. Onda gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi zähmet çekip, çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar we oglanlar üçin dürli biçüwdäki we ölçegdäki aýakgaplary öndürýärler. «Gerçek» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň söwda dükanlaryna ýaýran ýokary hilli aýakgaplaryň Owganystana, Gyrgyzystana eksport edilmegi, bu önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyndan habar berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu telekeçi zenanyň durmuşy şatlykly wakalara baý boldy. Aýhan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginde «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edilip, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada mynasyp boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşikde hem «Ýylyň işewür senagatçysy» ugry boýunça birinji orny eýeledi.
Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, her öý, her ojakda bellenilýär. Bizem halkymyz, ýurdumyz üçin uly ähmiýetli bolan bu şanly baýramçylyga mynasyp zähmet sowgatly geldik. Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Bahargül ÇARYÝEWA,
«Bahar keşdeleri» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
— Beýik Garaşsyzlyk milli mirasymyzyň täzeden dikeldilmegine, kämilleşmegine we döwrebaplaşmagyna hem giň ýol açdy. Geçmiş taryhymyzda hem ajaýyp halylary dokamak, owadan keşdeleri çekmek bilen dünýä halklarynyň ünsüni özüne çeken ene-mamalarymyz bize egsilmez genji-hazynany — çeper el işlerini miras goýupdyr. Ony mynasyp dowam etdirip, geljekki nesillere ýetirmek bolsa biziň — tikinçi gyz-gelinleriň paýyna düşýär.
Her bir işe yhlas-başarnyk hem höwes gerek. Meniň hususy eýeçilikde tikinçilik öýüni açmagyma-da çagalykdan çeper el işlerine bolan höwesim itergi berdi. Köýneklerimi özüm biçip-tikip, ýakasyny-da özüm bejererdim. Soňra goňşy-golam gyz-gelinleriň haýyşy bilen olaryň hem köýneklerini tikip-bejerip berdim. Daş-töwerekden buýurmalar köpelip ugrady. Netijede, çeper el işine ökde gelin-gyzlaryň onlarçasyny ýygnap, tikinçilik işi bilen meşgullanýan hususy kärhanany ýola goýduk. Häzirki wagtda kärhanamyzda kürteleriň, donlaryň, çabytlaryň, ýeňsizleriň dürli görnüşlerini taýýarlap, ýörite dükanymyzda zenanlarymyza elýeterli bahadan hödürleýäris.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirip, sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi bilen bagly şatlykly waka bizi has-da begendirdi. Bu nusgalyk el işiniň biçilişi, tikilişi, nagyşlary bilen gyzyklanyp, ene-mamalarymyzdan entek öwrenmeli zatlarymyzyň kändigine göz ýetirdik. Milli lybaslarymyzyň gadymy nusgalaryna döwrebap röwüş çaýylanda has owadan bolýar. Şonuň üçin lybaslarymyzyň müşderileri-de ýeterlik.
Ýurdumyzyň hususy pudagynda ajaýyp haly we haly önümlerini öndürip, dürli milli lybaslary taýýarlap adygan telekeçi zenanlarymyzyň sany barha artýar. Tejribeli telekeçiler Orazgül Eýeberdiýewa, Ogulhan Rozyýewa, Kümüş Täjibaýewa dagy öz önümleri bilen daşary ýurtlarda geçirilen halkara sergilere gatnaşyp, türkmen halylarynyň meşhurlygyny dünýä ýaýan bolsalar, Aknabat Towyýewa, Aýna Durdylyýewa dagyny halkymyz inçelik bilen taýýarlanylan owadan milli lybaslary bilen tanaýar.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunda gelin-gyzlarymyzy biziň ajaýyp milli lybaslarymyz bezär. Mähriban Arkadagymyzy, bagtyýar halkymyzy naýbaşy baýramymyz bilen gutlaýarys. Ýurdumyz parahat, iller abadan bolsun! Toýlarymyz toýa ulaşsyn!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren Keýik UMAROWA
«Zenan kalby»