Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly maslahat geçirildi.
GDA gatnaşyjy döwletleriň milli söwda-senagat hem-de sebitleriň edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryny we wekillerini onlaýn usulda bir ýere jemlän bu çäräniň maksady COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ykdysady şertlerde kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek boýunça tejribe alyşmakdan, häzirki ýagdaýy nazara alyp, iň gowy tejribelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Maslahatyň gün tertibine söwda-senagat edaralarynyň işlerini höweslendirmek hem-de hususy işewürligi goldamak, ony sanlylaşdyrmak, edaralaryň, ugurdaş guramalaryň we jemgyýetçilik düzümleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklar hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, telekeçileriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Onlaýn foruma gatnaşyjylar hususy bölegi ösdürmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam bermek, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin degişli şertleri döretmek, daşary ýurtlaryň işewürler toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň esasy wezipeleriniň biridir.