Işewüriň işi ileri

Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde telekeзilik ulgamynyň aýratyn orny bardyr

Günsaýyn gülleýän, bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetinde, durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, adamlaryň bolelinlikde, abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmegi, munuň üçin giň möçberli tutumly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Hawa, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baýdak edinýän ata Watanymyzda ilkinji nobatda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Il bähbidinden, halk hakyndaky aladadan gözbaş alýan bu taglymatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyna-da uly orun degişlidir. Bu hakykaty Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýene bir gezek aýdyň görkezdi. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz işlerini halkyň islegine we günsaýyn ösýän döwrümiziň ýokary talaplaryna laýyklykda düýpli özgerden telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri, gurýan ajaýyp binalary, ak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri bu gün guwandyrýar, kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär. Munuň özi milli Liderimiziň ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan hususy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip bermeginiň netijesinde mümkin bolýar.

Şeýle üns-aladanyň netijesinde ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň, senagat harytlarynyň agramly bölegi hususyýetçiler tarapyndan öndürilýär, şonuň ýaly-da, telekeçiler tarapyndan söwda we hyzmatlar ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilmegi bazar-dükanlarymyzda bolçulygy üpjün edýär. Bu gün zähmetsöýer telekeçilerimiziň yhlas--başarnygy bilen öz topragymyzda önýän gök önümlerden başlap, azyk harytlarynyň hemme görnüşi saçaklarymyzy bezeýär. Türkmen telekeçileriniň Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga goşýan goşantlary aýratyn bellärliklidir. Olaryň gatnaşmaklarynda gurlan we gurulýan häzirki zaman tehnologiýaly ýyladyşhanalar, maldarçylyk toplumlary, yzygiderli ösdürilýän guşçulyk pudagy bu gün özüniň ýokary netijeliligini görkezdi. Häzirki wagtda telekeçiler oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak babatda öňde durýan wezipelerden ugur alyp, önümçilige ylmy taýdan çemeleşmegiň we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegiň üstünde iş alyp barýarlar.

Senagat harytlary hem daşary ýurtlaryňkydan birjik-de kem duranok. Indi Türkmenistan elektron senagatynyň ýurdy hökmünde hem tanalýar. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynda önümçiligi ýola goýlan döwrebap elektron enjamlarynyň uly islegden peýdalanmagyny guwandyryjy mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Elbetde, şeýle üstünlikli ädimler milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmäge, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli harytlary öndürmäge we olaryň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, telekeçilik ulgamynyň barha okgunly ösmegi ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulmagynyň, işewür adamlaryň döredijilik ukybynyň giňden açylmagynyň we bu ugurda düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagynyň esasy şertlerini özünde jemleýär. Munuň özi ykdysadyýetimizi täze derejelere çykaryp, durmuşymyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşlere beslenmeginde we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýdyň görünýär.

Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşlerinde telekeçileriň aýratyn orny bar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çuň manyly çykyşynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etdirmek, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge aýratyn üns bermek barada durup geçdi. Diýmek, telekeçilik ulgamynda öňegidişlikleri, uly üstünlikleri gazanmakda mümkinçilikler has-da giňelýär. Şol mümkinçilikler bolsa, ilkinji nobatda, hususy eýeçilige degişli dürli maksatly döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi netijesinde ýene-de täze iş orunlarynyň peýda bolmagyny üpjün eder, ilatyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, haryt bolçulygynyň döredilmegini, hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli gowulanmagyny täzeçe many-mazmuna beslär.

Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ygtybarly hukuk binýadyna esaslanmagy ösüşleri üpjün edýän esasy ýagdaýdyr. Bu ugurdaky kanunçylyk namalarynyň yzygiderli seljerilmegi hem-de kämilleşdirilip durulmagy, has takygy, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileriň goldanylmagy ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagyny, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegini, telekeçileri oba hojalyk önümçiligine giňden çekmegiň netijesinde ekinlerden bol hasylyň alynmagyny, umuman, telekeçiligiň, işewürligiň durmuşymyza giňden ornaşmagyny üpjün edýär. Bu bolsa bolçulygyň, eşretli durmuşyň, abadan ýaşaýşyň, bagtyýarlygyň kepilidir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Bu şanly toýa ajaýyp üstünlikler bilen barmak ähli pudaklaryň işgärleriniň baş maksadydyr. Bu gün şeýle guwandyryjy üstünlikleri ýurdumyzyň telekeçileri hem gazanýarlar. Olaryň gatnaşmagynda birnäçe iri kärhanalar, medeni-durmuş ähmiýetli binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, söwda toplumlarydyr hyzmatlar ulgamynyň desgalary gurlup, ulanylmaga berildi we häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Her bir telekeçi hormatly Prezidentimiziň: «Biziň her birimiz yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan-da gözel, has kuwwatly döwlete öwürmelidiris!» diýen parasatly sözlerini watançylyk şygary hökmünde kabul edýärler.

Döwlet MÄMMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28970