Işeňňirleriň jemlenen ýerinde

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwrebap ösdürmek bilen baglanyşykly döredýän mümkinçiliklerinden we şertlerinden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän «Täze Aý» hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümlerini öndürýän «Datly şerbet» hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri hem şu günler özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny gowy hilli köke-süýji önümleriniň öndürilmegine gönükdirýärler.

Häzirki döwürde özünde 500-den gowrak işçi-hünärmeni jemleýän kärhana azyk önümleriniň 150-den gowrak görnüşini taýýarlap, halka hödürleýär. Bu ýerde azyk önümleriniň görnüşleriniň sanyny has artdyrmak üçin önüm öndürijiler döredijilikli gözleglerini hem yzygiderli we uly höwes bilen dowam etdirýärler. Netijede, baýramçylyklaryň we şanly seneleriň bosagasynda datly köke-süýjüleriň täze görnüşleriniň tapgyry ilata hödürlenýär. Ekologiýa taýdan arassa, tagamly, gözegelüwli gaplara gaplanan ýokary hilli önümler bolsa, alyjylar tarapyndan hoşallyk bilen garşylanylýar. Ilata hödürlenýän şol önümleriň hemmesiniň diýen ýaly, daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan, ýokary hilliligi bilen tapawutlanmagy guwandyryjy hakykatdyr.

Ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda ilatyň söýgüsini gazanan, daşary ýurtlarda-da adygyp barýan şol önümleriň halkara sergilerinde-de mynasyp orun tapýandygy bolsa, ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Ildeşlerimiziň toý saçaklarynyň süýji nygmatlar bilen bezelmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan telekeçiler özleriniň ýokary depginler bilen işlemekleri üçin gowudan gowy şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden alkyşlaýarlar.

Toýly GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşiginiň jogapkär işgäri.