Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ylmy-tehniki öňegidişlik hem-de ylym-bilime daýanýan täze ykdysady nusgalaryň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydygy aýdyň hakykatdyr. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň obýektleri dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär we ylmy işjeňligiň netijesinde döreýän önümleriňdir hyzmatlaryň täze bazarlarynyň kemala gelmegine gönümel täsirini ýetirýär.
Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesinde edilýän açyşlara we oýlap tapyşlara «intellektual eýeçilik» diýilýär. Sungat eserleri, kompýuter maksatnamalary, täze tehnologiýalar, haryt nyşanlary we täjirçilik maksatly döredilen beýleki serişdeler intellektual eýeçiligiň obýektleriniň mysallarydyr. Intellektual eýeçiligiň ösdürilmegi bazarda mynasyp ornuňy tapmagyň we onda agalyk etmegiň guraly, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçiligi ýola goýmak arkaly içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologik harytlary öndürmegiň we hyzmatlary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Häzirki döwrüň ykdysady hadysalary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyňy ýokarlandyrmagyň täze şertlerini döretdi. Intellektual maýa şol şertleriň iň esasylarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlaglar ösen ýurtlarda ylmy-tehniki öňegidişligiň netijeleriniň jemi içerki önümiň 80 göterimine çenli döredilmegine täsirini ýetirip, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini tassyklaýar. Bu hakykat häzirki zaman önümçilik gatnaşyklarynda intellektual maýanyň zähmetden, ýerden ýa-da maliýe üpjünçiliginden-de uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda intellektual maýanyň paýynyň 30-dan 60 göterime çenli ýetip, bu görkezijilere yzygiderli ýokarlanmak häsiýetiniň mahsusdygy bellenilýär.
Ykdysadyýetiň globallaşma hadysasy, bir tarapdan, söwda-ykdysady gatnaşyklara intellektual eýeçiligiň täze obýektlerini girizýän bolsa, beýleki tarapdan, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň kuwwatly guralyna öwrülýän täze bilimleriň döremegini şertlendirýär. Innowasion ykdysadyýetiň ösdürilmegi aň-paýhas işiniň netijelerini durmuşa geçirmek arkaly halk hojalygynyň ylmy-senagat binýadyny düýpli berkitmäge mümkinçilik berýär. Şeýle çemeleşmede intellektual işjeňlik uzak geljekde hojalygy ýöretmegiň oýlanyşykly usullary bilen sazlaşýar. Çünki bu hadysalaryň ikisi-de tebigy baýlyklardan rejeli we oýlanyşykly peýdalanmaga, ykdysady işi kämil derejä çykarmaga hem-de innowasion önümiň durmuşa ornaşdyrylmagyndan mümkingadar ýokary netije almaga gönükdirilendir. Munuň özi bazarda okgunlylygy we işjeňligi artdyryp, oňaýly ykdysady şertleri döredýär.
Islendik döwletiň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy intellektual gorlaryň netijeli peýdalanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Jemgyýetiň umumy intellektual maýasy ýurduň innowasion ykdysady ösüş ýolundaky esasy güýçdür. Şu hakykatdan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, ylmy oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak, täze açyşlaryň edilmegini höweslendirmek wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugy Konstitusiýa esaslanyp, ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, esasan-da, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli bölegindäki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Raýat kodeksi, «Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda», «Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Harytlyk nyşanlar, hyzmat nyşanlary we harytlaryň ýerleşýän ýerleriniň atlary hakynda», «Elektron hasaplaýyş maşynlary, integral mikroshemalaryň maglumat binýatlary we tehnologiýalary üçin programmalary, algoritmleri hukuk taýdan goramak hakynda», «Tohumçylygyň ýeten derejesini hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar hakynda» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryş namalary ýurdumyzda intellektual eýeçiligi goramagyň kanunçylyk binýadyny emele getirýär.
Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň milli ulgamy otuz ýyldan bäri hereket edip gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak işi bilen baglanyşykly döwlet kadalaşdyrylyşy Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde döredilen Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan alnyp barylýar. Gullugyň hünärmenleri intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goraglylygy bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýar.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşine goşant goşjak oýlap tapyşlar, açyşlar döwlet tarapyndan goldanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, düýpli amaly-ylmy barlaglaryň we önümçiligiň özara baglanyşygyny has-da işjeňleşdirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilimi edaralarynda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ylmy barlaglar alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Şu günüň ylmy geljegiň tehnologiýalarydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň ylmy açyşlaryna, senagat-innowasion tejribelerine, ylmy-inženerçilik garaýyşlaryna, maglumat-tehnologik barlaglaryna milli ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmek hem-de geljegiň tehnologiýalaryny döretmek ugrundaky örän ähmiýetli mümkinçilikler hökmünde garaýarys» diýip belleýär.
Bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde ýurdumyzda oýlap tapyşlaryň, edebi we çeper döredijiligiň, şeýle hem täjirçilik maksatly nusgalaryň döredilmeginiň gerimi giňeýär. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça ýakynda jemi jemlenen bäsleşigine ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň müňlerçesiniň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň goralmagy internet ulgamyndan saglygy goraýşa çenli köp ugurlary öz içine alýan giň gerimli ylmy-döredijilik işiniň kämilleşmegine itergi berýär. Intellektual kuwwatyň durmuşa geçirilmegi we ylmy innowasiýalaryň halk hojalygynyň pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagynyň we halkyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde geljekki ösüşlerimiziň binýadyny pugtalandyrýar.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary