Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetimizde, galyberse-de, ylym, bilim ulgamlarynda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly saldamly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň talaplaryna laýyklykda milli ykdysadyýetimizde, ylym, bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin guramaçylyk we hukuk binýadyny, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçilik boýunça ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bu babatdaky işleri mundan beýlägem ilerletmek barada yzygiderli nygtaýar.
Elbetde, islendik işiň netijeliligi we ilerlemegi üçin onuň kanunçylyk hukuk binýadynyň zerurdygy düşnükli. Ýurdumyzda hem milli ykdysadyýetimizi innowasiýa taýdan ösdürmek hem-de ony ýokary derejelere ýetirmek üçin birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.
«Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» meýilnamalaýyn durmuşa geçirmegiň netijesinde sanly gurşawyň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynda zähmet çekýän raýatlara giň mümkinçilikleri döredýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bazar gatnaşyklary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň hem esasy şertleriniň ugurlary kesgitlenilende, şol ugurlaryň kämilleşdirilmegi döwletiň ösüşlerine täze badalga bolup hyzmat edýär. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünliklerde sanly ulgama geçilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ol işi çalt we ýokary hilli amala aşyrmakda, wagty tygşytlamakda mümkinçilikleri artdyrýar. Dünýä jemgyýetçiliginde sanly ulgama ösüşleriň ygtybarly binýadyny dörediji ulgam hökmünde üns berilýär. Ýyldyrym çaltlygyndaky ösüşlerinde Türkmenistan hem özüniň ähli pudaklarynda sanly ulgama daýanýar.
Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çeken «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» baradaky Kararyndan gelip çykýan ugurlary döwrebap ösdürdi hem-de berkitdi. Şol resminamanyň esasynda 2019-njy ýylda, ýagny, Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmakda aýgytly ädimler ädildi. Geçen gysga döwrüň tejribesiniň görkezişi ýaly, dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» döwlet dolandyrylyş ulgamyny, ykdysadyýetimizi, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde öňe çykdy. Çünki sanly ulgamyň eýýäm ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna özüniň göze ilerlikli täsirini ýetirip başlandygyny görmek bolýar. Jemi içeriki önümiň ösüş depgininiň göz öňünde tutulan derejede saklanylýanlygynda-da ýurdumyzyň ykdysadyýetine barha giň ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalaryň ähmiýetiniň uludygy jedelsizdir.
Bu günki gün ýurdumyzyň ykdysady, agrar, medeni-durmuş, ylym, bilimi, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki pudaklaryna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylyşy her birimizi buýsandyrýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwürdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen halk hojalygynyň ähli ugurlarynda maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzir sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin zerur bolup, ol umumy ösüşiň esasy şertine öwrüldi. Döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara ornaşdyrylan durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin sanly tehnologiýalarynyň artykmaçlygy aýdyňdyr.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňeýär. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna deňleşmäge mümkinçilik berýär. Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda eýýämden görýäris.
Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi görnetin ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.
Akmyrat Jumaýew,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.