«Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimi giňeldilýär.
Gurluşyk pudagynda hem-de ýaşaýyş-jemagat hojalygynda sanly özgertmeler tapgyrlaýyn esasda we dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Bu özgertmeler binalaryň hem-de desgalaryň taslamasyny düzmegiň, olary gurmagyň hem-de ulanmagyň netijeliligini artdyrmaga, ilatly ýerleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we bu ulgamda hödürlenilýän hyzmatlaryň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, innowasiýalar diňe ornaşdyrylan tehnologiýalar däl-de, eýsem, olary yzygiderli täzelemek işi bolup durýar. Innowasion ykdysadyýeti ornaşdyrýan Diýarymyzyň gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalar peýdalanylýar hem-de serişde tygşytlamagyň talaplary we ölçegleri ýurdumyzyň bazarynyň aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy bu işleriň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» atly intellektual ulgam ornaşdyryldy. Buýsandyrýan ýeri, bu taslama türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar tarapyndan düzülen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilen «akylly öý» taslamasynda ähli elektrik enjamlaryny uzak aralykdan, mysal üçin, smartfon ýa-da ses buýrugy arkaly dolandyrmak mümkin. Ulanyjy diňe bir ykjam telefonda ýazmak arkaly belli bir buýruklary bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň kömegi arkaly özüniň elektrik abzallary bilen «gürleşip» bilýär. Ýörite işlenip düzülen üpjünçilik programmasy işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär we dolandyrylýan enjamlaryň ählisiniň häsiýetnamalary barada giňişleýin maglumat berýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşa, ýyladyşa, howany çalyşmaga we sowatmaga, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.
Häzirki döwürde gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň biridir. Özboluşly desgalary bilen Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizilen Aşgabat tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezidir. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlykdygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek — dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi. Şu ýyl, nesip bolsa, 25-nji maýda biz Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçeris.
Ogulbike MÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.