Il bähbitli çäre göwünleri galkyndyrýar

24-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat, azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwlaryny guramak, adamlar dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahalaryny 50 göterime çenli arzanlatmak barada beren tabşyrygy ýurdumyzyň Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň-da baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Diýarymyzyň günorta sebitinde «Sahawatly söwda» çäresiniň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa şeýle gürrüň berdi:

— Gahryman Arkadagymyzyň käbir harytlaryň bahalaryny 10 göterimden 50 göterime çenli arzanlatmak bilen bagly tabşyrygyny iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Mary welaýatynyň telekeçileri hem köp önümleri arzanladylan nyrhlardan ilata hödürleýärler. Olar senagat we azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bahalaryny 50 göterim pese düşürip, ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyna şatlyk goşýarlar. Hususan-da, Mary şäherinde ýerleşýän «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezinde bu işler göwnejaý ýola goýuldy. Merkeziň söwda dükanlarynda harytlaryň bahasynyň arzanladylmagyndan hoşal bolan bagtyýar raýatlarymyz Täze ýyly dürli görnüşli azyk önümleridir sowgatlyk harytlaryň bolçulygynda garşylaýandyklaryna çäksiz begenýärler.

Hawa, «Sahawatly söwda» çäresini guramak arkaly ildeşlerimize toý saçaklaryny bol-bereketli bezemäge, çagalarynyň göwün söýen zatlaryny amatly bahalardan satyn alyp bermäge, dürli hili sowgatlyk önümler bilen dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny gutlamaga giň mümkinçilikler döredildi. «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlary ir ertirden giç agşama çenli alyjylara döwrebap derejede hyzmat edýär. Halka hödürlenýän harytlaryň köpüsiniň öz ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagy, olaryň ýokary hil derejesi we ekologik taýdan arassalygy, elýeterli bahasy ýagşy arzuw-niýetler bilen Täze ýyly garşylaýan bagtyýar raýatlary has-da buýsandyrýar. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda edýän irginsiz tagallalarynyň aýdyň nyşanydyr.

Welmuhammet GALANDAROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.