Hyzmatyň kämil görnüşleri

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamynda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda sanly tehnologiýalary bank ulgamyna giňden ornaşdyrmak, täze bank hyzmatlaryny girizmek bilen bagly işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly müşderileriň bank hyzmatlaryndan özbaşdak peýdalanyp bilmek mümkinçiligi has-da ýokarlandyrylýar.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan adaty töleg terminalynyň ornuny tutmaga mümkinçilik berýän «Halkbank terminal» atly täze hyzmat ýola goýuldy. Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly tehnologiýanyň esasynda taýýarlanylan we nagt däl hasaplaşykda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ýerini tutup biljek mobil programma üpjünçiligi bolup durýar. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri tölegi kabul etmek üçin öz ykjam telefonlaryna täze «Halkbank terminal» atly mobil programma üpjünçiligini ýükläp, ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilerler. Adaty töleg terminallardaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ählisini amal etmäge ukyply täze mobil programma üpjünçiligi harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek hem-de amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçilikleri berýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän bu täze «Halkbank terminal» hyzmatyndan peýdalanmagyň kynçylygy ýok. Ykjam enjamlarda gurnalan mobil programma üpjünçiliginde satyn alnan harydyň ýa-da ýerine ýetirilen hyzmatyň bahasy girizilýär hem-de degişli töleg geçirilýär. Eger-de «Halkbank terminal» hyzmaty gurnalan ykjam telefonlarda «NFC» galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin galtaşyksyz töleg tehnologiýasy bolan bank kartyny telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir. Bu ýakynlaşdyrmanyň netijesinde mobil programma üpjünçiligi bank kartyndaky maglumatlary okaýar. Şeýlelikde satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin tölegler kabul edilýär. Şundan soňra ykjam telefonyň ýüzünde tölegiň kabul edilendigi barada elektron çek (hasabat kagyzy) peýda bolýar. Bütin dünýäde hem uly islege eýe bolýan bu hyzmatyň ýola goýulmagy ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary döwrebap we amatly usulda alyp barmaga täze mümkinçilikleri döreder.

Ildeşlerimize hödürlenilýän bu täze hyzmatda bank kartynyň maglumatlaryny programmada el bilen girizmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Bu «NFC» tehnologiýasy ornaşdyrylmadyk telefonlara degişli bolup durýar. Şeýle ýagdaýda töleg geçiriljek kartyň maglumatlary mobil programma üpjünçiliginde el bilen girizilýär. Mobil programma üpjünçiligi ykjam telefona ýükläp almak mümkinçiliginiň döredilmegi, bank amallaryny sanlylaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan galtaşyksyz töleg tehnologiýasy bilen işleýän bank kartlary hem ulanyşa goýberildi. Bölek satuw we hyzmat ulgamlarynda QR-code (dessin tassyklanylýan kod) arkaly hasaplaşyklary «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgal Pay» mobil gapjygy programma üpjünçiligi arkaly tölemeklik ýola goýuldy. Islendik ýerde, şol sanda, internet dükanlarda, taksilerde, restoranlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda mobil enjamynyň kömegi bilen satyn almak we tölemek, «QRcode» töleg ulgamy we «Rysgal Pay» mobil gapjygy size tölegleri ygtybarly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap «Cash back» bank hyzmaty hem hödürlenilýär. «Cash back» bank hyzmaty bank amallarynyň hilini kämilleşdirmäge, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmäge, karz edaralary tarapyndan müşderileri çekmäge giň mümkinçilik berýär. Karz edaralary tarapyndan bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda, kartyň eýesine berilýän höweslendirmek göteriminiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda kesgitleýärler. «Cash back» döwrebap höweslendiriş bank hyzmaty ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda bu hyzmatyň amatlylyklaryndan peýdalanýan ildeşlerimiziň sany günsaýyn artýar.

Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan döwrebap, amatly hyzmatlar yzygiderli hödürlenilýär. Munuň özi müşderi bilen bankyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, hyzmatlaryň täze görnüşlerini ýola goýmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny kämilleşdirmäge, işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkymyza hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, harajatlary we gymmatly wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Türkmenistanyň karz edaralary hem ildeşlerimize bank hyzmatlarynyň has amatly, döwrebap görnüşlerini yzygiderli hödürlemek babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Aziz HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň maglumat tilsimatlar bölüminiň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/34942