Işe başlanyna onçakly köp wagt geçmese-de Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziliniň ak mermere bürenen ajaýyp binasy ýurdumyzyň gündogar sebitiniň howa derwezesi hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Bu bina «2012 ― 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurlan raýat awiasiýasynyň halkara derejeli ýerüsti infrastruktura binalarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda dünýä boýunça koronawirus pandemiýasynyň döredýän kynçylyklaryna seretmezden, halkara howa menzilinde mynasyp zähmet üstünlikleri gazanylýar.
2582 inedördül metr meýdany eýeleýän 3 gatly ýük terminaly bu babatda esasy bölümleriň biri bolup, onda döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. Bu ýerde ýükleriň tiz hem-de ygtybarly kabul edilmeginiň we ugradylmagynyň ähli şertleri göz öňünde tutulandyr. Ýük terminalynda alnyp barylýan işler babatda käbir görkezijilere salgylanmak ýerlikli bolsa gerek. Halkara howa menzilinde 2020-nji ýylyň dowamynda ýükleriň 715 tonnadan gowragy degişli ugurlar boýunça ugradylypdyr, 2146,6 tonna ýük bolsa kabul edilipdir. 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde bu görkezijiler has ýokary bolup, degişlilikde 418,3 tonna ýük ugradylyp, 673,5 tonna ýük kabul edilipdir. Bu ýükleriň düzüminde poçta hyzmatlary we tölegli ýük goşlary hem daşaldy.
Mälim bolşy ýaly, halkara howa menzili ýerli we daşary ýurtly telekeçiler bilen hem özara şertnamalar esasynda amatly nyrhlar bilen ýük daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Türkmenabat Halkara howa menziliniň ýük ammarynda kabul edilýän ýükleriň hatarynda egin-eşik, awtoulaglaryň şaý-sepleri, telewizor we kompýuterler, sowadyjy enjamlar, matalar ýaly ýükleriň dürli görnüşleri bar.
Soňky ýyllarda ýokary depginler bilen ösýän ýurdumyzyň raýat awiasiýasy Türkmenistanyň esasy pudaklarynyň derejesine çykdy. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip, lebaply howa ulaglarynyň işgärleri ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. Türkmenabat halkara howa menzilinde hem ata Watanymyza, il-halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek üçin yhlasly zähmet çekýän işgärler sanardan köp. Olaryň hatarynda Çary Ýazkulyýew, Allanur Annamuhammedow, Eset Ymamow, Ýalkym Poladowa dagy has-da tapawutlanyp, kärhanada işleriň ilerlemegine saldamly goşant goşýarlar. Döwletimiziň milli raýat awiasiýasy ulgamynda gazanylýan mynasyp ösüşler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýşy üçin edýän işleriniň netijesidir.
Jangeldi IŞANKULYÝEW.