«Gala»! Bagtyýar şu günümizi taryh bilen baglanyşdyrýan bu haryt nyşany Gökdepe dokma toplumynda öndürilýän önümleriň gymmatyny beýgeltmek bilen birlikde, türkmen dokmasynyň milli aýratynlygyny dünýä bazarynda tapawutlandyrýan özboluşly nusgadyr. Önümçilik düzümi yzygiderli artdyrylýan bu dokma kärhanasynda ýokary hilli ýüplükler bilen birlikde, taýýar tikin önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär. Gözellik, ykjamlyk berlip, ýokary derejede taýýarlanýan önümleriň hataryny ululy-kiçili oglan-gyzlar üçin niýetlenen sport lybaslary, trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri düzýär. Toplumyň bölümleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde, ýokary hilde tikilýän önümler göwnemakul bezegler bilen baýlaşdyrylýar we göze gelüwli gaplara gaplanyp, halka hödürlenýär.
Her bir başlangyç özüniň şowly netijesini berende, iş diňe öňe ilerlemek bilen bolýar. Golaýda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda gyş pasly üçin niýetlenen kurtkalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önümçilik Gökdepe dokma toplumynyň bölümlerinde-de giň gerim aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede garşylamagy öz öňünde belent maksat edinýän toplumyň hünärmenleri bu önümçiligi-de kemsiz ele aldylar. Geýeniňde amatly, döwrebap, ýokary hilde taýýarlanylan kurtkalar ildeşlerimiziň göwnünden turdy. Dokma önümlerine ýöriteleşdirilen dükanlaryň haýsy birine barsaň, ildeşlerimiziň ol kurtkalary höwes bilen satyn alýandygynyň şaýady bolýarsyň. Bu gün dükanlaryň tekjelerini eziz Diýarymyzyň dokma senagatynyň gözüňi dokundyrýan önümleri bilen birlikde, «Gala» haryt nyşanly önümleriň-de dürli görnüşleri bezeýär. Golaýda «Gala» dükanynda bolanymyzda, kärhananyň baş direktorynyň orunbasary Guwanç Rejebalyýewe gabat geldik.
— Saýlap alan nyşanymyza mynasyp bolmak — dokmaçy hünärmenlerimiziň bu günki baş wezipesi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda işe girizilen toplum döredilen gününden Watanymyzyň her bir şowly ädimine özüniň ýokary hilli önümleri bilen mynasyp goşant goşup gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýardamy bilen önümçiligimiz has-da giňeldi. Harytlarymyzyň görnüşlerini artdyrmaga giň mümkinçilik döredi. Dört fabrikden ybarat toplumymyzyň egriji fabriginde öndürilýän dürli belgili ýüplüklerimiz dünýäniň ençeme ýurtlaryna eksport edilýär. Örme fabrigimizde dokalýan matalaryň suprem, ribana, lakost ýaly görnüşleri, şeýle hem üç we iki ýüplükden dokalýan futter matalary halkymyzyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Matalara dürli görnüşli reňk berilýän boýag fabrigimizde hem işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hünärmenlerimiz aýratyn üns berýärler.
Tikinçilik fabriginiň önümleri özüniň döwrebaplygy, köpdürlüligi we endamyňa ýakymlylygy bilen müşderilerimizde uly gyzyklanma döredýär. Ýylyň islendik paslyna niýetlenilip tikilýän dürli görnüşli geýimler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ugradylýar. Şeýle hem paýtagtymyzda ýerleşýän, haryt nyşanymyz bilen atlandyrylan «Gala» dükanymyzda, ýagny şu ýerde önümlerimiziň ähli görnüşleri halkymyza hödürlenýär. Öndürijilikli işlemegimiz, öndürýän önümlerimiz bilen dünýä bazarlaryna arkaýyn çykmagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, ähli işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, Guwanç Rejebalyýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.
...Hawa, içgin-içgin synlasaň, dükandaky gaty bir göze ilmeýän hysyrdyny duýmak kyn däldi. Bu hysyrdy dükana gelip gowşan täze harytlaryň buşlukçysy bolup, töwerege dolýardy. Gelşikli gaplarda ýerleşdirilen önümler tekjeleri has-da baýlaşdyrýardy. Guwanç Rejebalyýewe bu dükanda gabat gelmegimiziň esasy sebäbine-de şu ýerde düşünip galdyk.
Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.