Hususyýetçilige giň ýol açan döwür

Döretmek — döwletliligiň, bolçulygyň, ösüşiň alamaty. Türkmenistan bu gün döredýän döwlete öwrüldi. Kabul edilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde güneşli ülkämizde dürli maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Şol gurluşyklarda telekeçilerimiziňem mynasyp paýy bar. Olar ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge hem saldamly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Telekeçilige aýratyn üns berilmegi ýurduň eksport mümkinçiligini we gaýtadan işleýän senagatyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gönüden-göni kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligine bagly bolýar. Şeýle bolansoň, döwletimiz hususyýetçilere guramaçylyk we maliýe goldawyny berýär. Bu bolsa diňe bir ýeňillikler we karz bermek görnüşinde bolman, eýsem, oňaýly ýagdaýy döretmek, bazar ulgamynyň zerur bolan düzüm bölegi hökmünde güýçli işewür jemgyýetçiligini kemala getirmek üçin hukuk we beýleki şertleri üpjün etmekde jemlenýär.

Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat özüniň oňat netijesini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň 90 göterimden gowragy, senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy hususyýetçiler tarapyndan öndürilýär. Şonuň ýaly hem, söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatlaryň 90 göterimden gowragyny telekeçilerimiz amala aşyrýarlar.

Häzir ýurdumyzyň ilatynyň ete, şol sanda, towuk etine, ýumurtga, süýde bolan islegleri hususy önüm öndürijiler tarapyndan kanagatlandyrylýar. Şeýle-de, ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri ilatymyzy gök-bakja we miwe önümleriniň, şerbetleriň esasy bölegi bilen üpjün edýärler.

Milli Liderimiz olaryň bitirýän işlerine: «Telekeçilerimiz söwda we hyzmatlar ulgamynda hem möhüm orny eýeleýärler. Siz diňe bir ýokary derejede hyzmatlary etmek bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly täze iş orunlaryny hem döredýärsiňiz. Bu bolsa örän möhüm durmuş wezipesidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuş-ykdysady derejesi günsaýyn gowulanýar. Bu bolsa, elbetde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň ajaýyp netijesidir.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça gazanylýan üstünliklere telekeçilerimiz uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň wekillerine döwletimiziň uly ynam bildirýändigini we bil baglaýandygyny bellemek isleýärin» diýip, ýokary baha berýär.

Türkmenistanda diňe bir daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň däl, eýsem, şol önümleri öndürýän kärhanalaryňam ornuny tutup biljek kärhanalary gurmaga hem uly üns berilýär. Hususyýetçileriň örän işjeň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda elektron senagat ösýär. Mundan başga-da, dürli görnüşdäki durmuş tehnikalary bolan gaz we elektrik peçleri, tozan sorujylary, sowadyjylary... öndürmek boýunça önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň sanyny azaltmaga we ilaty köpçülikleýin isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

2018-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we degişli döwre niýetlenen çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagyna, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, hususy bölegiň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine gönükdirilendir.

Döwletimiziň pul-karz syýasaty-da hususyýetçileriň erkin işlemekleri üçin edilýän aladanyň bir mysalydyr. Hususy pudagyň giň gerime eýe bolmagyny gazanmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ýurdumyzyň banklary tarapyndan telekeçilere örän pes göterimli karz berilýär. Olar döwlet tarapyndan berilýän şol amatly karzyň hasabyna degişli tehnikalary, esasy serişdeleri satyn alyp bilýärler, halk hojalygynyň pudaklaryna öz biznes-taslamalaryny ornaşdyryp bilýärler.

Geçen ýyllaryň dowamynda paýtagt şäherimiz Aşgabatdan başlap, welaýatlarymyzyň hemmesinde biri-birinden gözel ymaratlaryň onlarçasy peýda boldy. Bu ýerli telekeçileriň gurluşyk işinde ýeterlik tejribe toplandygyny aňladýar. Olar indi gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işlerini amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Altyn elli ussalar gurluşyk işini ýokary hilli geçirmekde daşary ýurtly gurluşykçylardan birjigem kem duranoklar. Ýurdumyzyň hususy gurluşykçylary diňe bir kaşaň ymaratlary bina etmän, eýsem, şol iş üçin zerur bolan her dürli materiallary-da öndürýärler.

Häzirki wagtda biziň hususyýetçilerimiziň Hytaý Halk Respublikasynda, Awstriýa Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda Söwda öýleri hereket edýär. Bu bolsa türkmen telekeçileriniň daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan harytlary öndürmegiňem hötdesinden gelýändigini aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşypdy. Onda milli Liderimiz birleşmäniň agzalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli taslamalary bilen tanşyp, garamaga hödürlenen işleriň geljegi uly meýilnamalaryny oňlap hem-de ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynda mundan beýlägem iş alyp barmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini kesgitläp, «Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreler hakynda» Karara hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna dürli maýa goýum-gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek hakda Buýruga gol çekipdi. Şol taslamalar öz möçberi we gerimi boýunça ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşiniň täze tapgyrynyň başlanýandygynyň alamaty bolupdy.

Hawa, işeňňir hususyýetçileriň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bitirýän işleri öwgä mynasyp. Goý, olara geljek ýyllarda-da üstünlik, at-abraý miýesser etsin!

Amanmyrat KIÇIGULOW,

«Balkan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40370