Hususyýetçileriň mynasyp goşandy

Ykdysadyýeti ösdürmek ýurduň okgunly öňe gitmeginde esasy şertleriň biridir. Şunda bazar gatnaşyklary möhüm orny eýeleýär. Sebäbi olar öňde durýan möhüm ykdysady meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda durmuşa ukyplylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige çalt hem-de batyrgaý ornaşdyrmakda hususy ulgam giň mümkinçiliklere eýedir. Munuň özi ýokary öndürijilikli önümçilik pudaklarynyň binýadyny berkitmek bilen birlikde, jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýär. Ýurduň ykdysady özgertmeleriniň baş maksady hem şundan ybaratdyr. Şu hakykatdan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň eýeleýän ornuny giňeltmäge gönükdirilen oýlanyşykly özgertmelere badalga berdi. Onuň çäklerinde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan bu tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ykdysadyýeti ösdürmäge düýpli itergi berýär. 

                                                                   

Berkarar Diýarymyzyň ilatynyň durmuş goraglylygyny berkidip, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, köpugurly ösüş maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan taryhy tutumlaryň hem-de başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen hususyýetçiligiň oňyn netijeleri welaýatymyzyň telekeçileriniň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Olaryň hatarynyň ýylsaýyn artýandygy, durmuşa geçirýän işleriniň geriminiň giňelýändigi diýseň buýsandyrýar. Welaýatymyzyň Bereket etrabynyň çäginde hereket edýän «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň alyp barýan işleri muňa anyk subutnamalaryň biridir. Ekerançylyk ýerlerini hem-de önümçilik desgalaryny özünde jemleýän daýhan hojalygynyň ýerleşýän ýeriniň umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Onuň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna towuk etini öndürýän bölüm, şeýle-de ýylda 12 million jüýje çykarmaga ukyply bolan inkubatorly guşçulyk toplumy hereket edýär. Bulardan başga-da, daýhan hojalygynda ýylda ýokary hilli ýumurtganyň 16 million sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýän toplum hem bar. Daýhan hojalygy ösdürilip ýetişdirilýän guşlar üçin gerek bolan ýokumly iýmleri öndürmegi hem ýola goýupdyr. Munuň üçin gurlan iým zawodynyň önümçilik mümkinçiligi ýylda 72 müň tonna iýme barabardyr. Ýeri gelende aýtsak, daýhan hojalygy ýylda 100 müň tonna et öndürýän maldarçylyk toplumynyň, ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhananyň işini hem nusgalyk derejede alyp barmagyň hötdesinden gelýär. Hojalygyň ekin meýdanynyň agramly böleginde ot-iýmlik ekinler ekilýär. 

                                                                   

Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly gadam» hususy kärhanasy hem öz işini üstünlikli ýola goýup, alyp barýan işleri bilen adygan hususy kärhanalaryň biridir. Onuň ýüplük öndürýän fabriginde döwrebap tehnologiýalara daýanylyp, her aýda 450 tonna barabar ýokary hilli ýüplükler öndürilýär. Munuň özi bölümiň önümçilik kuwwatynyň ýylda 5 müň 400 tonna ýüplüge barabardygyna şaýatlyk edýär. Kärhanada her günde 5 tonnadan gowrak ýüplükler dürli reňkler bilen boýalyp, olar jorap önümçiligi bölüminde çig mal hökmünde peýdalanylýar. Netijede, olardan her günde 50 müň jübüde golaý jorap önümleri taýýarlanýar. Hususy kärhanada öndürilýän dürli görnüşli ýüplükler hem-de jorap önümleri daşarky bazarlara hem yzygiderli ugradylýar. Hususy kärhana Gyzylarbat etrabynyň çäginde uzak möhletleýin kärendesine alan 11 müň 633 gektar ekerançylyk meýdanynda hem oba hojalyk önümleri bolan pagtanyň, bugdaýyň, ýeralmanyň hem-de beýleki ekinleriň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde görelde alarlyk zähmet netijelerini gazanýar.  

                                                                   

Şu ýerde ýene bir zada ünsi çekesimiz gelýär. Gürrüňini edýän hususyýetçilerimiziň oba hojalygynda, onuň gaýtadan işleýän pudagynda alyp barýan işleri türkmen topragynyň zähmetsöýer, öz işini jany-teni bilen söýýän hakyky ýer eýeleriniň halal zähmeti bilen bereket eçilýändigini tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen agrosenagat toplumynda hususy pudagyň ornuny giňeltmek babatda düýpli tutumlar durmuşa geçirilýär. Ene topraga hyzmat etmäge yhlasly, döredijilikli çemeleşýän hususy işewürleriň netijeli zähmeti türkmen topragyny sözüň doly manysynda bereket çeşmesine öwürýär. Türkmen topragynyň berekedi ak bazarlarymyzyň, saçaklarymyzyň berekedidir. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň arzyly maksatlarynyň biridir. 

                                                                                                           

Nurmämmet Hydyrow,

                       

«Balkan».