Welaýatymyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmek, şol önümleriň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmaklyga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda olaryň bu ugurdaky işleriniň günsaýyn öňe ilerleýändigini bellemeli.
Munuň şeýledigini S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanada durmuşa geçirilýän çäreleriň mysalynda hem görmek bolýar. Şu günler bu ýerde ýetişdirilen bereketli pomidor hasylyny ýygnamak, ony içerki we daşarky bazarlara ugratmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýyladyşhana mundan 1,5 ýyla golaý wagt öň ulanylmaga berildi. Geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynyň barşynda bu ýerde hasyl ýetişdirmek boýunça berjaý edilýän çäreler bilen ýörite tanyşdy. Şondan bäri geçen döwürde ýyladyşhananyň işgärleri has-da yhlasly zähmet çekmek bilen, bildirilen ynamy ödemek üçin has oňat netijeleri gazanýarlar.
Ýyladyşhananyň ýolbaşçysy Çarymämmet Garabaýewiň aýtmagyna görä, geçen ýylyň ahyrlarynda bu ýerde pomidor hasylynyň täze tapgyry ýetişipdir hem-de ony ýygnamaklyga girişilipdir. Şu mahala çenli onuň 450 tonnadan gowragy ýygnalyp, bellenilen ýerlere ugradylypdyr. Şol sanda üstümizdäki ýylyň başyndan bäri hyrydarlara ýetirilen pomidoryň mukdary 200 tonna golaý bolupdyr. Öndürilen bu önümleriň esasy böleginiň daşary ýurtlara goýberilendigini hem bellemek gerek.
— Biz öz öndürýän önümlerimizi, esasan, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlara ugradýarys — diýip, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy nygtady: — Biziň önümlerimiziň geçginliligini olaryň hiliniň ýokarylygy, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigi bilen düşündirmek bolar. Biz ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna goşant goşýandygymyza diýseň guwanýarys.
Elbetde, önümleriň hiliniň, görnüşiniň oňat bolmagy bu ýerdäki işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi, pomidor nahallaryna ideg etmekde, olaryň hasylyny ýygnamakda, ugratmakda ähli zerur düzgünleriň pugta berjaý edilmegi şeýle netijeleri berýär. Şoňa görä-de, ýyladyşhananyň işçi-hünärmenleriniň ýadawsyzlygyny, öz jogapkärçiligine birkemsiz düşünýändiklerini nazara almak artykmaçlyk etmez.
Mundan başga-da, ýyladyşhanada önümleriň ýygnalyşyna, ugradylyşyna welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, welaýat gümrükhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat komitetiniň işgärleri hem yzygiderli gözegçilik edýärler, bu babatda usuly hem-de beýleki degişli kömeklerini berýärler. Şeýle agzybirlikli aladalar üstünlik getirýär.
Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.