Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ösýän ýurdumyz Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde söwda ulgamynda örän belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň çäginde ilata hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri düýpli artyp, bazar bolçulygy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki alyp barýan işlerine laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaldyp, hususy pudagyň ýokary hem-de netijeli önümleri öndürmegi üçin döwlet tarapyndan goldaw-hemaýat berilmegi bilen, bu günki gün harytlarymyzdaky «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgyly türkmen önümlerimiz häzirki döwrümizde bazarlarymyzyň naýbaşy önümleri bolup durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we şol sanda Aşgabat şäheri boýunça bazarlar birleşigi tarapyndan wajyp işler durmuşa geçirilýär. Bazarlar birleşigine degişli söwda nokatlarynda azyk we hojalyk harytlaryň, miwedir gök-bakja önümleriniň dürli görnüşleri halkymyza elýeter bahadan ýetirilýär.
Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçýän ýurdumyzda hususy telekeçiligiň işini ilerletmegiň esasy wezipesi ýokary durmuş we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda hususy önüm öndürijilere hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilip, bu günki gün olar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba senagat toplumynda, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar hem-de gurluşyk senagaty ýaly ugurlarynda iş alyp barmak bilen, elektron senagatyny ösdürmekde, innowasion tehnologiýalara daýanýan önümçilikleri döretmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Karary esasynda ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda gazna bazarynyň herekete getirilmegi häzirki döwürde, ýagny eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň biri hökmünde öňe çykdy. Çünki gymmatly kagyzlaryň kömegi arkaly şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky maddy obýektlere, enjamlara we tehnologiýalara öwrülýär. Milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň häzirki zaman tapgyrynda esasy meseleleriň biri maliýe gurallary arkaly artýan pul serişdeleriniň paýlanylmagyny amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmek we kämilleşdirmekdir.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekmegi, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçilik işini höweslendirmek, işewürlige döwlet goldawyny kämilleşdirmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek ýaly meseleleri öz içine alyp, olara maliýe taýdan goldaw bermek hem göz öňünde tutulýar. Gol çekilen resminama geljekde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda telekeçilik işiniň höweslendirilmegine, milli ykdysadyýetimizde işewürligiň ornunyň ýokarlandyrylmagyna we hususy pudakda täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilendir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda abadan ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bosagasynda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem aýtmak gerek. Täze Kanun döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, şeýle-de, maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we gaýry ugurdaş serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilip, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny hem-de amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýär. Bu bolsa telekeçilik pudagyny hemmetaraplaýyn goldamak, bazar ykdysadyýeti boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň ösüşinde döwlete dahylsyz bölegiň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmakda amatly mümkinçilikdir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hem-de hususy başlangyçlara goldaw bermegiň we beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň girdejileriniň artmagy durmuş ulgamyny nazarlaýan strategiýanyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmen hususyýetçileriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».