Howandarlyk jebisligi döredýär

 Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň häkimliklerinde golaýda neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Şeýle dabaralar düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimliklerinde ýokary guramaçylykly geçirilip, olara degişli düzümleriň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly nesliň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

                                                                   

Tanyşdyrylyş dabaralarynda edilen çykyşlarda 2021-nji ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu gaznanyň döredilmeginiň ýurduň her bir raýatynyň haýyr-sahawat etmegine hem mümkinçilik döredýändigi, şeýle işleriň türkmen jemgyýetinde adalatyň ýazylmadyk kada-kanunlarynyň biridigi aýratyn bellenildi. Çykyş edenler bu asylly başlangyjyň ähli ildeşlerimiz üçin ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere çagyryş bolandygyny nygtadylar. Netijede, häzirki wagta çenli gaznanyň hasabyna haýyr-sahawat serişdelerini geçirýänleriň sanynyň barha köpelýändigi has-da buýsançlydyr. Çykyşlarda bu haýyr-sahawat düzüminiň serişdelerine sanlyja ýylyň içinde onlarça çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmeginiň maliýeleşdirilmeginiň, ene-atasyndan ir jyda düşen ýa-da goldawa mätäç ýaş türkmenistanlylara durmuş, saglygy goraýyş, ruhy kömekleriň berilmeginiň, daşary ýurtlarda dürli sebäplere görä ejir çeken ýaş nesliň wekillerine kömek golunyň uzadylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň bu ynsanperwer başlangyjynyň ajaýyp miwesi bolup, kalplary nurlandyrýandygy hakyndaky gürrüňler öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Täze kitabyň tanyşdyrylyş çärelerinde çykyş edenler, şeýle-de onuň içinde ýerleşdirilen suratlara üns çekip, olarda geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň başda durmagy bilen gaznanyň işleriniň ýola goýluşynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertleriň ýokary derejede açylyp görkezilýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen, rus, iňlis dillerinde giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan neşiriň diliniň çeperçiliginiň, bezelişiniň özboluşlylyklara eýe bolmagy, onda pikirler, maglumatlar bilen birlikde halk aýtgylarynyň, nakyldyr atalar sözleriniň, taryhy şahsyýetleriň durmuşyndan mysallaryň getirilmegi jüpüne düşüpdir. 

                                                                   

Kitapda «Hemaýat etmek özüňden özgelere mähribanlygy eçilmekdir, olaryň depesini göge ýetirjek sowgatlaryny bermek bilen, arzuwlaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmakdyr» diýen ýaly ganatly jümleleriň getirilmegi raýatlaryň ýagşylyk etmäge bolan ymtylyşlaryny artdyrmakda, ejize howandarlyk etmegiň nähili belent ynsanperwerlik, ruhy beýiklik bolup durýandygyny düşündirmekde örän ähmiýetlidir. Ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda iş alyp barýan gaznanyň ýagşy amallarynyň netijesinde derdine şypa tapan çagalaryň hossarlarynyň ýürek sözleriniň kitapda ýerleşdirilmegi bada-bat okyjylaryň ünsüni özüne çekip, olarda şeýle uly möçberli düzümiň işine bolan buýsanjy artdyrýar. Şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi barada bu neşirde töwerekleýin maglumat berilmegi, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň tanyşdyrylmagy ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda uly aladalaryň edilýändigini aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Tanyşdyrylyş dabaralarynda şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn berk binýat döreden we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.