Hoşniýetliligiň we dost - doganlygyň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän aýdyň maksatly halkara gatnaşyklaryndaky giň gerimli beýik işler özüniň datly miwelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň eşretli durmuşyna gönükdirilmek bilen bir hatarda, goňşy ýurtlaryň, şeýle-de, dünýäniň beýleki döwletleriniň parahat durmuşda ýaşamaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygy berkitmäge ummasyz goşant goşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde hem uly orun eýeleýär. Hemişelik Bitaraplygyň parahatçylykly, dostluky ýoly bilen Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna barýan Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin zerur şertler döredilip, ýurdumyz ägirt uly ösüşlere, oňyn özgertmelere beslenýär. Milli Liderimiziň baş maksady adamzat ösüşiniň gymmatlyklaryna daýanyp, ýurdumyzyň özgeriş ýolunda ähli ugurlar boýunça täze belentliklere ýetmegini gazanmakdan ybarat bolup durýar. Sanlyja ýylyň içinde ata Watanymyzyň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe bolmagy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berk binýadyny döredýär. Baky Bitarap ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginleri we netijeliligi hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň öňe sürülmeginde we amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylygy üpjün edýändigini bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygyň hem-de abadançylygyň, dostana gatnaşyklaryň bähbitleri üçin peýdalanylýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Milli Liderimiz «Bitaraplyk derejesini diňe bir içerki durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda hem özümiziň baş ýörelgämiz edip saýlap aldyk» diýip, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň many-mazmunynyň uly ähmiýete eýedigini belleýär.

Halkara gatnaşyklarynda, ägirt uly ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmekde ýurdumyzda bitirilen işler asyrlara barabardyr. Ýerine ýetirilen ol işleriň dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanmagynda möhüm ädim bolup durýandygyny nygtamak bilen, halkymyzyň ata Watanyň, ene topragyň gülläp ösmeginde öz wezipelerine, jogapkärçiligine çuňňur düşünýändigine pugta ynanýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni kalplara şatlyk, nur çaýyp, mähriban Diýarymyza mübärek gadamyny goýýar. Her bir günüň mysalynda şeýle guwançly hakykata şaýat bolmagyň özi hem biziň göwünlerimizi ganatlandyrýar, bagtyýar durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Myrat TÄÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42197