Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Aşgabat, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar.
Taraplar ýurdumyzyň wekiliýetiniň Owganystana bolan birnäçe saparlarynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligini belläp, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky diplomatik dialogyň ähmiýetli ornuny nygtadylar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen uzak möhletleýin esasda üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy barada aýdyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we demir ýollaryň gurluşygy hem ähmiýetli taslamalaryň hataryndadyr.
Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda türkmen-owgan özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Türkmen tarapy parahatçylygy, ylalaşygy üpjün etmekde owgan halky bilen raýdaşlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerinden ugur alyp, mundan beýläk-de, hemmetaraplaýyn goldaw hem-de ynsanperwerlik kömegini berjekdigini tassyklady.
Ýurdumyzyň eýeleýän üýtgewsiz orny doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy üpjün etmäge, durmuş-ykdysady düzümleri dikeltmäge iş ýüzünde anyk ýardam bermek bilen beýan edilýär. Türkmenistan bu garaýyşlardan ugur alyp, Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär hem-de energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär.
Döwletimiziň iberýän elektrik energiýasynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, serhetýaka awtoulag hem-de demir ýollarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça alyp barýan anyk işleri, ynsanperwerlik kömegi we owgan jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki ulgamlarynda goldaw bermegi ýurdumyzyň saýlap alan ugruna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary owgan raýatlaryna bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda muzdsuz ýardam berýärler. Türkmen hünärmenleri goňşy ýurtda dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar.
Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Bu nusgalyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, has giň ölçeglerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Owgan wekiliýeti milli Liderimiziň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegine hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine goşýan uly goşandy hem-de eýeleýän işjeň orny üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde umumy maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika we ulag-kommunikasiýa ulgamynda başyny başlan iri taslamalarynyň möhümdigini nygtadylar.
Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmen tarapy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Bu syýasatyň esasynda asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy gatnaşyklarymyzy milli däplerden ugur alyp, döwrebap derejede ösdürmek babatdaky tagallalar durýar.
Owgan wekiliýeti türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde yzygiderli ýardam berýändigi, şol sanda durmuş düzümlerine degişli desgalary gurup berendigi nygtaldy. Şonuň ýaly-da, owgan tarapy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam berýändigini belläp, bu duşuşygyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gepleşikleriň jemlerini beýan edip, iki goňşy döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen türkmen-owgan dialogynyň oňyn we netijeli häsiýetini bellediler.