Himiýa pudagynyň berk binýady

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda belent üstünliklere ýeten ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary işjeň çekmäge çalyşýar. Muňa ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan himiýa pudagynyň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Himiýa pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylyp, pudagyň ylmy esaslary has-da ösdürildi. Tebigy we mineral serişdelere baý bolan ýurdumyzyň kuwwatly gor mümkinçilikleri esasynda himiýa pudagynda iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Munuň özi özbaşdak ösüşimiziň 30 ýylynda himiýa ulgamynyň düýpli ösdürilendigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» himiýa pudagyny köpugurly ösdürmegiň toplumlaýyn ylmy esaslaryny düzýän täze resminamadyr. Döwlet maksatnamasy Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary geçirmek arkaly ýakyn bäş ýylyň dowamynda himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Resminama ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalary işläp düzmek babatda yzygiderli işleri geçirmäge, önümçilige ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, halk hojalygynyň dürli pudaklaryna täze himiýa tehnologiýalarynyň hem-de dünýä ylmynyň gazananlarynyň giňden ornaşdyryljakdygyna doly güwä geçýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda himiýa pudagynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygynyň üpjün edilmegi netijesinde kuwwatly önümçilikler ýola goýuldy. Bu ugurda soňky ýyllarda ulanmaga berlen «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlaryny, Garlyk dag-magdan toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny hem-de Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody görkezmek bolar. Şu jähetden, soňky on ýylyň içinde pudagy ösdürmäge goýlan maýa goýumlaryň möçberi 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini toýlaýan ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýyllarynda ösen we kuwwatly himiýa senagaty döwletine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gülşat ITALMAZOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologiki taslama we önümçilige ornaşdyrmalar bölüminiň I derejeli inženeri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41070