Düýn paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly çäreler geçirildi. Oňa Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, dürli ýaşly ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli weteranlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň hem gowşurylandygyny aýtmak gerek.
Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlige gül goýmak dabarasy welaýatda geçirilen çäreleriň başyny başlady. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde bolan gül goýuşlyk dabarasy-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Beýik Ýeňşiň hormatyna şeýle dabaralar Balkanabat şäherindäki, Daşoguz welaýat merkezinde belent başly, ak lybasly binalar toplumynyň jümmüşindäki, Türkmenabatda «Bitaraplyk» seýilgähindäki, Maryda-da welaýat merkeziniň iň bir gözel künjegindäki «Baky ot» ýadygärliklerine gül goýmak çäresinden başlandy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerlerdäki harby bölümleriniň gullukçylary we serkerdeleri, welaýatlaryň edara-kärhanalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýadygärliklere baharyň ter çemenlerini goýup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hatyraladylar. Ýurdumyzyň teatr ussatlary toý çärelerine gatnaşyjylara sahna oýunlaryny hödürlediler. Çykyşlarda mertligiň, merdanalygyň ýokary nusgasyny görkezen uruş weteranlarynyň hem-de tylda zähmet edermenligini görkezen, ýar ojagyny saklan eneleriň adyna çyn ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Baýramçylygyň arzyly myhmanlaryna ýadygärlik sowgatlary-da gowşuryldy. Medeniýet we sungat wekilleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazlary dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.
«Türkmenistan»