Ykdysadyýetiň sarsmaz binýady

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda zamanabap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreleri öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek işi, ozaly bilen, ýurdumyzda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň binýady bolan kompýuter, multimedia we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalary gurmakdan, şeýle hem öňden bar bolanlaryny bu enjamlaryň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrmakdan başlanýar. Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, paýtagtymyzda, etraplarda, obadyr şäherlerde täze guruljak binalardyr desgalaryň gurluşyk taslamalarynda zamanabap kompýuter, multimedia we beýleki aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçilik tarapy hökmany göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, her bir ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, ýerli häkimlik we beýleki ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynda, hususy telekeçilikde sanly dolandyryş ulgamyna üstünlikli geçilýär. Şeýle-de olaryň her biriniň ýörite web-saýtynyň hereket edýändigi buýsandyryjydyr. Şol web-saýtlarda döwlet we hususy kärhanalaryň alyp barýan işi, ilata hödürleýän hyzmatlary, ykdysady we medeni-durmuş täzelikleri barada giňişleýin, takyk maglumat berýän dürli çykyşlar, resminamalar mynasyp orun eýeleýär. Adamlar ol ýa-da beýleki döwlet we hususy edaralara ýüz tutmak üçin barmazdan öň, edaranyň alyp barýan işiniň ugurlary, raýatyň möhümini bitirmekdäki aýratynlyklary we beýleki maglumatlar bilen öňünden tanşyp bilýär.

Işiň şu röwüşde alnyp barylmagy, ozaly bilen, işleriň tiz we dessin bitmegine, şeýle hem işleriň, ýumuşlaryň bitmegi bilen baglanyşykly sarp edilýän wagtyň we serişdeleriň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär. Şunda kagyz dolanyşygynyň zerurlygy barha kemelip, elektron dolanyşyk giň orun eýeleýär.

Raýatlar dükanlara we bazarlara gitmezden, olaryň her biriniň ilata hödürleýän harytlary we hyzmatlary barada maglumatlary özleriniň el telefonlarynda goýlan elektron goşundylaryň kömegi bilen ýa-da ýörite web-saýtlar arkaly tanşyp bilýär.

Şeýle-de gerekli harytlaryny almak üçin şol bazarlardyr dükanlara gitmezden, olary telefon goşundylarynyň hyzmaty arkaly öýe getirmegi buýrup we elektron bank kartlary arkaly hasaplaşyk geçirýärler.

Döredilýän şular ýaly eşretleriň we amatlyklaryň düýp özeninde, ozaly bilen, milli bank ulgamynyň takyk hasaplaşyk babatda ýokary hilli hyzmatlary, mümkinçilikleri durýar. Şu günki gün milli bank ulgamymyz müşderilere bank kartlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bank kartlary, şeýle hem olara birikdirilen el telefon goşundylary arkaly raýatlar nagt däl görnüşli hasaplaşyk usullarynda dürli hyzmatlar üçin tölegleri, degişli edara gitmezden hasaplaşyp bilýärler.

Sanly dolandyryş ulgamyna geçilmegi, ýurdumyzda raýatlaryň öz işleýän ulgamlarynda gündelik iş sagatlaryna, iş öndürijiliklerine täsir etmezden gündelik zerurlyklaryny elektron sanly ulgam arkaly bitirmegi bilen, milli ykdysadyýetiň ösmegine doly derejede goşant goşmagyna, iş wagtyny sarpaly tutmagyna ýardam edýär.

Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi dünýä ösüşlerine alyp barýan mähriban Arkadagymyza jan saglyk, ähli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!

Gara AHMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň talyp hakynyň eýesi



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22481