Her ýürekde Arkadagyň ady bar

Düýn ýurdumyzyň ykdysadyýet, oba hojalyk toplumynda, Daşary işler ministrliginde, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik pudaklarynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahatlar geçirildi. Oňa bu toplumlarda zähmet çekýän hünärmenler bilen birlikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýyla halkymyzyň isleginden gelip çykýan mynasyp at berilmegi, onuň şygarynda milli ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň öz beýanyny tapmagy ýurdumyzyň ähli ilatynyň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagynda we her bir raýatyň alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň özboluşly beýany bolup, bu hoş habar ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşy alyndy. Munuň özi eziz Diýarymyzy täze üstünliklere alyp barýan milli Liderimize belent hormatyň nyşanydyr. Täze ýylyň şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň milli Liderimize çäksiz buýsanjy, söýgüsi we hormaty hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegine beýik ynamy şöhlelenýär. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmuny döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli gymmatlyklar bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan çäksiz buýsanjyny we söýgüsini artdyrýar.

Halkymyzyň eşretli durmuşy bilen baglanyşykly alnyp barylýan giň gerimli işler, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar ildeşlerimiz tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.

Dabara gatnaşyjylar döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň beýik özgertmelere beslenjekdigine, ösüşleriň täze belentliklerine çykyljakdygyna ynam bildirdiler. Maslahatlaryň aýdym-sazlar bilen utgaşmagy ýurdumyzda tutuş halkymyz ähmiýetli beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal bolýan asylly işlere bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Dünýägözel NURMÄMMEDOWA.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebi.