Haryt nyşanlary: alyjy we talap

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik kärhanalary yzygiderli esaslandyrylýar. Döwrüň ösüşini hususyýetçiligi ösdürmekde görýän ýurt Baştutanymyzyň döwletli tutumlary bilen, bazar ykdysadyýetiniň geçiş döwründe netijeli ösüş gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin ýokary derejeli hünärmenler, bazary öwrenijiler (marketologlar) zerurdyr. Olar bazary öwrenip, «Näme öndürmeli?», «Kim üçin öndürmeli?», «Nädip öndürmeli?» diýen sowallara jogap tapýarlar we degişli çözgüt çykarýarlar. Şeýdip, öz kärhanasynyň, degişlilikde, ýurduň ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýarlar.

Haryt öndürijiler tarapyndan haryt nyşanlama işleri 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda», 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanyp ýerine ýetirilýär. Kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan kadalaryň berk berjaý edilmegi harydyň daşky görnüşi bilen birlikde, adamyň şahsy gigiýenasyna hem öz täsirini ýetirip bilýär.

Köpugurly bazarlara ýa-da söwda merkezlerine baranymyzda, bizi, ilki bilen, harydyň haýsy kärhana tarapyndan öndürilendigi gyzyklandyrýar, şoňa görä-de haryda baha kesýäris. Bu, elbetde, adaty ýagdaý. Çünki müşderi özüne zerur, peýdaly we amatly bahadaky haryda isleg bildirýär. Marketologlaryň esasy wezipesi hem isleg bildirilýän harytlary müşderilere hödürläp, olaryň islegini doly derejede kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Haryt — alyş-çalyş etmek we bazarda satmak üçin niýetlenen önüm. Eger telekeçi ýa-da islendik raýat özi ulanmak ýa sarp etmek üçin bir zat öndürse, bu önüm bolýar.

Haryt nyşany — ýuridik şahsyň ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň harytlaryny aýrybaşgalaşdyrmaga hyzmat edýän belgisi. Öz haryt öndürijilerimiziň mysalynda seredenimizde, önümçilik sehi we merkezi edarasy Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Täze aý» hususy kärhanasynyň haryt nyşanynda gyzyl tegelegiň içinde ýarym Aý şekillendirilen we «Täze aý» diýen ýazgy ýerleşdirilen. Bu haryt nyşany Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanyp, bellige alnan. Diýmek, bu haryt nyşanyny beýleki hususyýetçileriň ulanmagyna rugsat berilmeýär, ol döwlet tarapyndan goralýar.

Halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda sarp edijileri goramak, olaryň islegini ýokary derejede kanagatlandyrmak we höweslendirmek maksady bilen, harytlaryň gaplanyşy, nyşanlanylyşy zerur talaplara laýyk gelýän önümler halk köpçüligine ýetirilýär.

Harytlar nyşanlananda, ilki bilen, özüne çekijilik, ýönekeýlik, aýratynlyk, goraglylyk ýaly talaplara üns berilýär. Nyşanlamagyň tekstinde alyja düşnükli dilde önümiň (harydyň) gelip çykyşy, häsiýeti, peýdasy we salgysy barada maglumatlar berilýär. Harydyň nyşanlanmasy sarp edijilere önümleri saýlap almakda ýakyndan kömek edýär. Nyşanlama uzak möhletli, tertipli hem-de bozulmaýan görnüşde bolmaly.

Haryt gaplananda, hökmany suratda, ady, düzümi, allergiýa döredip biljek goşundylary, sap agramy, möhleti, näçe wagt peýdalanyp bilinjekdigi barada, saklanyş tertibi, önüm öndüriji barada maglumat (ýuridik ady, salgysy), önümi öndüren hem-de taýýarlan ýurt, ýokumlylygy we başga-da birnäçe goşmaça maglumatlar görkezilmeli. Harydyň halkara ülňülere laýyk gelmegi, hili we haryt nyşanlary boýunça işleriň esasy ýokarda agzalan hukuk resminamasy bilen birlikde, «Standartlaşdyrmak we metrologiýa hakynda», «Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda», «Patent işleri hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan ugur alýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanýan haryt nyşany baradaky şahadatnama, nyşanlaryň bellige alnandygyny, şahadatnamada görkezilenleri markalamak üçin haryt nyşanyny ulanmak baradaky aýratyn hukukly resminamadyr. Onda haryt nyşanynyň şekili görkezilýär. Şol esasynda kärhana önümleri öndürmäge rugsat berilýär we gözegçilikde saklanýar.

Taryhy maglumatlara esaslanyp aýtsak, ilkinji haryt nyşanlary ABŞ-da derman serişdeleri üçin ulanylyp başlanýar. Ykdysady ösüşiň netijesinde harytlary nyşanlamak dünýä ýüzüne giňden ýaýraýar. Bu günki gün öndürilýän ýa-da satylýan harytlaryň köpüsi üýtgeşik, özüne çekiji we täsirli nyşanlar bilen belgilenýär. Häzirki wagtda haryt nyşanlary kärhananyň ady, belligi, şekili, bir söz, harp, sözleriň we harplaryň topary, nyşan ýa-da üýtgeşik reňk görnüşinde hem ulanylýar.

Biziň ýurdumyzda-da milli önüm öndürijilerimiz, hususy telekeçilerimiz tarapyndan halkara bazarlarda orun alan meşhur haryt nyşanlary bar. Olaryň hatarynda dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň «Ýeňiş», «Goza», «Bedew», «Mebato», azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň «Täze aý», «Zamana», «Kenek», «Tomus» ýaly haryt nyşanlaryny, ilkinji synanyşygyna garamazdan, uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň tehnikalaryny we milli nyşanlarymyz bilen atlandyrylýan beýleki harytlaryny görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha gülläp ösýändigine güwä geçýär.

Tekemyrat AMANOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40575