Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyz üçin ýaşamaga we zähmet çekmäge amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň bolçulygy we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň 25-nji martdaky geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hem bu işleriň üstünlikli dowam edýändigini tassyklaýar.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki bazarlarynda hil taýdan ýokary we bahasy boýunça amatly harytlaryň ilatymyza hödürlenilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çäreleriň doly depginde amala aşyrylýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda alyjylarymyza medeniýetli hyzmat etmek, hyzmatlaryň halkara häsiýetlere laýyk bolmagyny gazanmak öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu günki gün bazarlarymyzda söwda tekjeleri gök, miwe we bakja önümlerinden bol bolup, ýurdumyzda öndürilýän tüwi, mäş, noýba, şeýle-de dürli görnüşli çörek we çörek önümleri olaryň üstüni ýetirýär. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen bazarlaryň ýörite dükanlary et önümleriniň ençeme görnüşleri bilen üpjün edilýär. Oba hojalygyna degişli önümlerden başlap, azyk, süýji-köke, dokma pudagyna degişli önümleriň bolçulygy bilen tapawutlanýan ak bazarlarymyz alyjylaryna giňden hyzmat edýär.
Döwletimizde häzir «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň esasynda diňe bazarlarymyzda däl, eýsem, internet ulgamy arkaly ýola goýlan onlaýn söwda merkezlerinde hem dürli görnüşli harytlarymyz raýatlara dessin ýagdaýda ýetirilýär. Ýokary hilli we elýeterli bahadan bazarlarda hem-de onlaýn görnüşde hödürlenilýän bu harytlar halkymyzyň isleg-arzuwlaryndan gözbaş alýar. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan telekeçilerimiz bolsa dünýä ülňülerine laýyk gelýän we ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde ägirt uly netijeli işleri alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy öňdebaryjy tejribeleriň esasynda senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan syýasaty söwda gatnaşyklarynyň döwrebap kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümleri ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçirilýän oňyn özgertmeler ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak, şeýle-de raýatlarymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak meselesini üstünlikli çözýän hormatly Prezidentimize bagtyýar halkymyzyň alkyş-dilegleri çäksizdir.
Altyn BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.