Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýmak bilen birlikde, emele gelýän bazar şertlerine çalt uýgunlaşyp, oňa mynasyp jogap berilýär. Şunda täze pudaklarda alnyp barylýan netijeli işlere-de aýratyn orun degişlidir. Türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan şeýle işler öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nyrh elýeterliligini üpjün etmäge, ýurdumyzyň işjeň kuwwaty bolan ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçmek, importyň ornuny tutýan eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezýär.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, ýyladyşhanalary özünde jemleýän obasenagat toplumlary döredilýär. Olaryň işine öňdebaryjy tejribeler, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Et, süýt we çörek önümlerini, azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär.
Obasenagat toplumynda iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň, enjamlaryň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna, şeýle-de eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýylyň haýsy möwsümidigine garamazdan, halkymyzyň ter gök önümlere bolan isleglerini ýeterlik kanagatlandyrmaga ukyply ýyladyşhanalaryň ençemesi guruldy hem-de olaryň täzeleriniň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa halkymyzyň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, baýramçylyk saçaklarynyň ekologiýa taýdan arassa, emeli goşundylar ulanylmadyk, elýeterli ýerli önümler bilen bezelmegine şert döretdi. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistan bu döwrüň içinde eksport ediji döwlete öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçileri içerki bazardan artyk gök we beýleki önümleridir harytlary sebit hem dünýä döwletleriniň ençemesine eksport edýär. Onuň ugurlaryny has-da artdyrmak we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda-da döwlet tarapyndan zerur bolan ähli goldawyň berilýändigini-de nygtamak gerek.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilik ulgamynda-da, hyzmatlar ulgamynda hem agrar telekeçiligi ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Telekeçilik işi oba ilatyny iş bilen üpjün etmek, işiň görnüşlerini giňeltmek, önümçiligiň möwsümleýinligini çäklendirmek bilen, maşgala girýän girdejileriň mukdarynyň artmagyna we ýerli serişdelerden has ýerlikli peýdalanylmagyna ýardam edýär. Şunda agrar pudagyň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, ýagny tebigy-howa şertlerine baglylygyna, önümçiligiň möwsümleýinligine, maýanyň haýal dolanyşygyna, ýokary önümçilik töwekgelçiligine üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda häzirki zaman şertlerinde agrar pudakda netijeli telekeçiligi ösdürmek has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Diňe bir ykdysady ösüş däl, eýsem ykdysadyýetimiziň geljegi hem telekeçileriň täze tehnologiýalary, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny näderejede kabul edýändiklerine baglydyr. Bir söz bilen aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda haryt bolçulygyny ösdürmek we milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler oňyn netijelerini berýär.
Mähri JOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.