Halyçylyk kärhanasynda

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda geçen aýda haly dokamak baradaky meýilnama 146 göterim berjaý edildi. Şunda taýýarlanylan haly önümleriniň pul hasabyndaky umumy möçberi 876,5 müň manada golaýlady. Bu görkeziji diňe bir meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňlatman, eýsem, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 117,2 göterim ýokarlandygyny hem aňladýar.  

                                                                   

Hünärmenleriniň agramly bölegi ýaş gelin-gyzlardan ybarat bolan bu öňdebaryjy kärhanada geçen ýanwar-fewral aýlarynda meýilnamadan artyk dokalan dürli ölçegli halylaryň umumy meýdanynyň 174 inedördül metre deň gelendigini hem aýratyn nygtamak gerek. 

                                                                   

Döwlet birleşiginiň ugurdaş düzümleriniň arasynda hemişe öňdäki hatarda bolmagy başarýan bu kärhananyň çeper elli gelin-gyzlary gazanylan üstünligi has-da berkitmek üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.