Halkyň gymmatly baýlygy

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy binýadyny yzygiderli berkitmäge, ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işler diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ähli welaýatlarda hem işjeň alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän sanly ösüşler medeniýet ulgamyny hem gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen şu ýylyň 12-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» medeniýet ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwrebap wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň teatrlarynda, kitaphana we muzeý ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Medeniýet edaralarynyň sanly ulgama geçirilmegi, olarda täze innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işi boýunça halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeler çalt ösýän döwürde sanly gurşawyň işjeň gatnaşyjysy bolmak üçin giň şertleri açýar.

Jemgyýetimiziň döwrebap ýollar bilen ösýän häzirki döwründe milli köklerini dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrmakda medeniýet ulgamynyň, kitaplaryň we beýleki maglumat çeşmeleriniň mynasyp paýy bar. Ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň, kitaphanalarynyň, kompýuter-maglumat merkezleriniň işiniň döwrebap guralmagy bilimiň we terbiýäniň netijeliligine hem oňaýly täsir edýär. Kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň maksatlaýyn işini döwrebap guramak bilen, olarda häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy sanly ösüşi nazarlaýar.

Ýurdumyzda döredilen elektron kitaphana ulgamy üçin buýurmalar esasynda kitaplaryň elektron görnüşini taýýarlamak we kitaphanalara elýeterli etmek, şeýle-de okuw-usuly we ylmy edebiýatlary, dissertasiýalary, çeper eserleri, ensiklopediýalary, sözlükleri, daşary ýurtly awtorlaryň eserleriniň, ylmy işleriniň, okuw kitaplarynyň türkmen diline terjimelerini neşir etmek we olaryň elektron nusgalaryny okyjylar üçin tölegli esasda elýeterli etmek sanly ösüş ugrunyň döwrebap wezipeleridir. Medeniýet ulgamynyň sanly ösüşini ilerletmekde çagalar edebiýatynyň dürli nusgalaryny, şol sanda çagalara niýetlenen pudaklaýyn ensiklopediýalary, ylmy-populýar kitaplary neşir etmek we olaryň elektron nusgalaryny elýeterli etmek işleri hem mynasyp orun eýeleýär.

Paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalaryň awtomatlaşdyrylan bitewi maglumat-gözleg ulgamy bu ugurda bitirilen uly işleriň biridir. Tehnologiýalaryň ösmegi bilen, elektron kitaphanalary jemgyýetde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle kitaphanalar maglumat bermek hyzmatlaryny artdyrmaga, dürli neşirlere, şol sanda seýrek kitaplara hem elýeterliligi üpjün etmäge ýardam edýär. Elektron sanaw Türkmenistanyň tutuş kitap gaznalaryny öz içine alýar. Elektron kitaphanasynyň bolmagy sanly görnüşe geçirilen ýazgylardan peýdalanmaga, kitaplaryň elektron görnüşlerini almaga şert döredýär. Bu kitaphanada türkmen, rus, iňlis we beýleki dillerde çagalar, çeper, ylmy we beýleki ýöriteleşdirilen edebiýatlar bar. Maglumatlaryň umumy elektron binýady paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi kitaphanalaryny birleşdirýär. Okyjylar Türkmenistanyň islendik künjeginde olaryň arhiwlerinden peýdalanyp bilýärler. Elektron kitaphanalaryň bitewi ulgamynyň türkmen medeniýetini, söz ussatlarynyň edebi döredijiligini öwrenmekde, halkymyzyň görnükli alymlarynyň işlerine, şol sanda daşary ýurt dillerine terjime edilen işlerine dünýä halklarynyň wekilleriniň ünsüni çekmekde hem mynasyp orny bardyr.

Häzirki hereket edýän Bitewi elektron kitaphana ulgamy ýurdumyzyň kitaphanalaryna köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň düzüminde Prezident kitaphanasyny döretmek we kitaphanany IT tehnologiýalary bilen üpjün etmek, ony Bitewi elektron kitaphana ulgamyna birikdirmek, kitaphanada «Arkadagyň eserleri: online kitaphana» atly elektron taslamany döretmek işleri maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Sanly kitaphana ulgamynyň çäklerinde kitaphanalardan peýdalanyjylar üçin maglumat üpjünçiligini häzirki zaman kämil derejä ýetirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Milli sanly ösüş maksatlarynda Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini dünýäniň ösen kitaphana ulgamy bilen utgaşdyrmak we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir.

Bu günki gün biz dünýä ösüşiniň hazynasyna uly goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerine uýmak bilen, olaryň örän baý medeni mirasyna, olaryň ahlak gymmatlyklaryna daýanyp, häzirki zaman ösüşine sazlaşykly goşulyşýarys. Halkyň milli mirasy asyrlaryň dowamynda baýlaşýar, her bir nesil öz ylmy-döredijilik pikirleri, edebi we sungat ýörelgeleri bilen oňa öz goşandyny goşýar. Medeni durmuş nesilleriň sazlaşykly ösmegine, şahsyýetde watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk häsiýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Türkmen medeniýetiniň baý mazmunly gymmatlyklaryny dikeltmekde, ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde, umumadamzat medeniýetini baýlaşdyrmakda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Eziz AMANMYRADOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31992