Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Merkezi serkerdeler öýüne geldi.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaraly maslahatyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň ýurdumyzda asudalygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy her ýylyň 27-nji ýanwarynda mukaddes baýramyň — Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenip geçilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň, olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet hem-de sungat, saglygy goraýyş ulgamlarynda, hukuk, demokratik we dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini berkarar etmekde, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly sepgitlere ýetildi.
Biz halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Bu kadalar mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugurlaryna doly laýyk gelýär. Şu maksatlara esaslanyp kabul edilen, döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüminiň düýpli kämilleşdirilendigini, Ýaragly Güýçlerimiziň Guryýer goşunlarynyň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň binýadynyň tutulandygyny belledi.
Olary häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň ýaraglary, harby we ýörite tehnikalary bilen üpjün etmek işine aýratyn üns berildi. Muny Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň we harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygynyň gözden geçirilişine öwrülen görkezme söweşjeň-taktiki tälimler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişler aýdyň subut edýär. Geçirilen dabaraly harby ýörişlere siziň özüňiz hem gatnaşdyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda Watan goragçylarynyň ata Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine mynasyp baha bermek üçin birnäçe döwlet sylaglarynyň döredilendigini belläp, her ýylda Watan goragçylarynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanýandygyny, olara harby we ýörite atlaryň dakylýandygyny, hünär derejeleriniň berilýändigini aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işler durmuşa geçirildi. Şu gün düýbi tutulýan harby mekdebiň täze, döwrebap binalary hem-de şu günki baýram mynasybetli açylyp, ulanmaga berilýän harby we hukuk goraýjy edaralara degişli binalar, desgalar we ýaşaýyş jaýlary hem munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz bu işleri, elbetde, mundan beýläk-de yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdiklerine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdiklerine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekendigini belledi.
Permany okamak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi, ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de şahsy düzümleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol gol çeken Permanlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji aýynyň toýa beslenmeginiň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagynyň Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara utgaşýandygyny nygtady.
Şeýle hem wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary milli Liderimize Watan goragçylary hakynda edýän aladasy üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Harby gullukçylar mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglaryny we nobatdaky harby derejeleriň nyşanlaryny ýüzüne sylyp kabul etdiler hem-de mähriban Watanymyza, halkymyza we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri baradaky harby kasamy ýerine ýetirdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzdan Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak üçin ýörite guta ýerleşdirilýän ýadygärlik senenama gol çekip bermegi haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haýyşy kabul edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby derejelere mynasyp bolan harby gullukçylara degişli sylaglary we nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz harby gullukçylaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan döwlet sylaglarynyň we harby derejeleriň gowşurylyş çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, bu çäre mynasybetli guralýan dabaranyň harby gullukçylar üçin ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdelerini hem-de şahsy düzümlerini mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge we alyp barýan gulluklarynda belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sylaglaryna, harby we ýörite atlara hem-de hünär derejelerine mynasyp bolan harby gullukçylary we işgärleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni bilen dabara gatnaşyjylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini ýene-de bir gezek mukaddes baýram bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Ýurdumyzda giňden we uly dabaralar bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň güni halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň asylly işlerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aňladýar.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde belent owaza beslenen aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy harby orkestriň joşgunly çykyşy watançylyk, gahrymançylyk hakyndaky aýdymlar bilen utgaşyp, dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylardan ybarat orkestriň sazandalarynyň ýanyna baryp, olaryň döredijiliginiň, watançylyk aýdymlarynyň harby gullukçylary belent sepgitlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Alp Arslan, Görogly beg, Seýitnazar Seýdi, Şükür bagşy ýaly taryhda yz goýan serkerdeler we gerçekler watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, hemişe parahatçylygyň, asudalygyň goragynda bolupdyr. Olaryň watansöýüjilik ýörelgeleri jadyly sungat hasaplanylýan saz bilen utgaşykly bolupdyr. Munuň özi taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda parahatçylyga, aýdym-saza aýratyn gadyr goýlandygyny aňladýar we türkmen halkynyň milli saz diplomatiýasyny döredendigini dünýä aýan edýär diýip, milli Liderimiz belledi hem-de harby orkestriň agzalaryna üstünlik arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra dabara gatnaşýan ýaş nesilleriň wekilleri döwlet Baştutanymyzdan binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegini hem-de bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne atmagyny haýyş etdiler.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Munuň özi tutuş ýurdumyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetli asylly işlere halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary esasynda ak pata berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.