Dünýewi, demokratik, Bitarap Türkmenistanyň esaslarynyň pugtalandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir

Geçen hepde ýurdumyz üçin möhüm wakalara baý bolup, ol häzirki döwrüň jemgyýetiniň ruhy durmuşynda möhüm orun eýeleýän, syýasy, ykdysady, durmuş-medeni ulgamlarda üstünlikli zähmet çekýän zenanlara bagyşlanan baýramçylyk dabaralary bilen başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli Gutlagynda türkmen zenanlarynyň raýatlyk ornunyň işjeňligine aýratyn üns çekilýär. Gutlagda bellenilişi ýaly, ata Watanymyza söýgini, şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günümize guwanjy, geljegimize ynamy döredýän medeni mirasymyzy — maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy, dost-doganlygy dabaralandyrýan belent ynsanperwerlik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler.

Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaralar ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde edaralarda we kärhanalarda işleýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlara, talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hem-de dürli bäsleşikleriň ýeňijilerini hormatlamak dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda sungat ussatlarynyň konsertleri, çeperçilik sergileri, teatr sahna oýunlary, çagalaryň we ýaşlaryň bäsleşikleri, maslahatlar hem-de köpçülikleýin çäreler guraldy.

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş gelin-gyzlary bar. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary hem çagyryldy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem goşuldy. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary gutlap, ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendigini nygtady.

“Ýadymda” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Türkmen zenanlarynyň gözelligini wasp edýän çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek mejlisde garalan esasy mesele boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Prezident saýlawlary Garaşsyz Watanymyz üçin uly ähmiýete eýe bolan jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň ýurdumyzda raýatlarymyzyň döwlet gullugynda işlemäge, ses bermäge, döwlet wezipelerine saýlanmaga, ýurduň we dürli derejelerdäki jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny üpjün edýän umumy kabul edilen demokratik kadalara hem-de milli däplerimize laýyklykda guralmalydygyna üns çekildi.

Ses bermek üçin döwletimizde we daşary ýurtlarda 2 600-den gowrak saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşdylar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin olaryň hemmesine deň mümkinçilikler we hukuklar berildi.

Halkara synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen saýlawlaryň geçirilişine we saýlawlar güni ses berlişine seljermäni amala aşyrmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde senagat pudagy üçin gymmatly çig mal bolan gowaça ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Milli Liderimiz gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigini, bu möwsümiň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedigini ekiş möwsümini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, bu möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny belläp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem edermen pagtaçylarymyzyň ýurdumyzda «ak altynyň» ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirjekdigine hem-de uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna berk ynam bildirip, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Şu babatda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy derejesinde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym milli Liderimiziň köpugurly işine hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşine, halkara abraýynyň has-da belende galmagyna kuwwatly itergi beren we türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgerden giň gerimli özgertmelere ýokary baha berdi.

Şol gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek we ilerletmek Medeniýet ministrliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guran forumynyň baş maksady boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylmyň-bilimiň ösdürilmegine, şonuň bilen birlikde-de, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda, şol sanda dünýäniň iri ylym-bilim ojaklarynda okap, ýokary derejeli hünär eýeleri bolmagy üçin hemme mümkinçilikler döredildi. Olar hakyndaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine, Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu ýurtda okap ýören talyplarymyzyň ata Watanymyza dolanyp gelmekleri üçin şertleriň döredilmegi hem şaýatlyk edýär. 10-njy martda guralan ýörite uçar gatnawy arkaly talyp ýaşlarymyzyň uly topary Türkmenabat şäherine gelip düşdi.

12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy. Munuň şeýledigini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligi hem tassyklady. Wekillige GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine hem-de geçirilişine seljermäni amala aşyran halkara synçylaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary hem bar.

Synçylar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bellenilen çäreleriň meýilnamasy we ýerlerde alnyp barlan işler bilen tanşyp, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna syn etdiler hem-de saýlaw möwsüminde halkara kadalaryň esasy ýörelgelerini, ýagny hemmelere saýlaw hukugynyň berilmegini, raýatlaryň saýlawlara meýletin gatnaşmagyny, dalaşgärleriň ählisine deň mümkinçilikleriň berilmegini, möwsümiň dowamynda wagyz işleriniň erkin geçirilmegini, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygyny hem-de bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň aýdyňlygyny we açyklygyny bellediler.

Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna baryp bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanyldy.

Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we gönükdirijiler bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Şeýlelikde, saýlaw möwsüminiň esasy tapgyry — Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermegi 12-nji martda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we daşary ýurtlarda döredilen ýörite uçastoklarda üstünlikli geçirildi. Giň bäsdeşlik esasynda geçen bu jemgyýetçilik-syýasy çäre halkymyzyň jebisligini we agzybirligini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, däbe görä, ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça bir wagtda açylan we ählumumy ruhubelentligiň ýeri bolan saýlaw uçastoklaryna ilkinji gelenleriň hatarynda boldular.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan dalaşgärlige bellige alnan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda maşgala agzalary bilen ilkinji bolup ses berip, konstitusion hukugyny berjaý etdi.

Bu ýerde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň barşyna gözegçilik edýän milli we halkara synçylar, saýlawlaryň ähli tapgyrlaryny giňden beýan edýän ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbesi Ogulabat eje bilen Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogynda konstitusion hukuklaryny berjaý edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäre seslerini berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli hem-de halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk ýagdaýynda we demokratik ýörelgeleriň esasynda geçen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taryhy ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi adam hukuklary we azatlyklary ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisine asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, halkyň uly ynam bildirip saýlan Prezidentiniň Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler: Perhat Begenjow — Türkmenabat şäheriniň 50-nji saýlaw uçastogynda (Lebap welaýat kitaphanasy); Agajan Bekmyradow — Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 6-njy saýlaw uçastogynda (Mollanepes adyndaky geňeşligiň medeniýet öýi); Berdimämmet Gurbanow — Balkan welaýatynyň Awaza etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda (ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdep); Babamyrat Meredow — Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 79-njy saýlaw uçastogynda (43-nji orta mekdep); Hydyr Nunnaýew — Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 63-nji saýlaw uçastogynda (88-nji orta mekdep); Maksat Ödeşow — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji saýlaw uçastogynda (1-nji sport mekdebi); Maksatmyrat Öwezgeldiýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 9-njy saýlaw uçastogynda (23-nji orta mekdep); Kakageldi Saryýew — Mary şäheriniň 36-njy saýlaw uçastogynda (8-nji sport mekdebi) ses berdiler.

Ildeşlerimiz öz konstitusion hukugyny berjaý etmek — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň iň mynasybyna ses bermek üçin ir säher bilen saýlaw uçastoklaryna geldiler.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ähli saýlaw uçastoklary toý lybasyna beslendi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Hemme ýerde aýdym-sazlar ýaňlandy, göçme söwda guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramakda gije-gündiziň dowamynda ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde hem geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçilikde hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şol gün saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň demokratiýa ýagdaýynda geçirilendigine göz ýetirmäge mümkinçilik alan köp sanly daşary ýurtly žurnalistler hem boldular.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, ir sagat 9-a çenli saýlawçylaryň umumy sanynyň 25 göterimden gowragy ses berdi, sagat 11-e çenli bolsa bu görkeziji 51 göterimden geçdi. Sagat 13-e çenli Türkmenistanda özleriniň erk-ygtyýaryny erkin beýan etmäge konstitusion hukuklaryndan ähli bellige alnan saýlawçylaryň 71 göterimden gowragy, sagat 15-e çenli 86 göterimden gowragy peýdalandy. Sagat 17-ä çenli ilatyň 93 göterimden gowragy ses berdi. Sagat 19-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 97 göterimden gowragy ses berdi.

13-nji martda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň iri habarlar agentlikleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň, halkara synçylaryň gatnaşmagynda geçirilen merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.

Ýygnananlara bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işler barada gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, ses bermäge saýlawçylaryň 97,17 göterimi gatnaşdy. Munuň özi halkymyzyň ýokary raýatlyk işjeňligini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga islegini alamatlandyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndaky we konsullyk edaralaryndaky käbir saýlaw uçastoklarynyň maglumatlaryny nazara almak bilen, sesleriň sanawy dowam edýär. Wagt tapawudy bolany üçin, şol ýerlerden maglumatlar biraz gijräk gelýär. Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilliginiň agzalarynyň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň şol gün geçirilen metbugat maslahatlaryna milli we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Metbugat maslahatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine gözegçiligiň netijeleri beýan edildi. Ýurdumyzda demokratiýanyň mundan beýläk-de dabaralanmagynyň ýolunda möhüm ädim bolan bu saýlaw möwsüminde Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda we Mejlisinde 13-nji martda geçirilen duşuşyklarda halkara synçylaryň rus wekiliýetiniň agzalary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň senatorlary hem-de Döwlet Dumasynyň deputatlary Prezident saýlawlarynyň konstitusion-hukuk kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk, demokratiýa we erkinlik ýörelgeleri esasynda geçirilendigini bellediler.

Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýew Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdi hem-de saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk we demokratik esasda geçirilendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, türkmen halkynyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň, açyklygyň, aýdyňlygyň hem-de ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünýändiginiň aýdyň beýany boldy.

(TDH)