«Halkbank»: döwrebap özgertmeleriň miwesi

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bank hyzmatlary barha döwrebaplaşýar. Ýurdumyzyň banklarynyň işiniň tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem döwrebap bank hyzmatlary bilen gazanylýan üstünliklere özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. 2020-nji ýyl bankymyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek baradaky Karara gol çekdi.

Bu gün bagtyýar zamanamyzyň özgertmeleri bilen deň gadam urýan bankymyz hem öz işlerine täzeçillikleri yzygiderli ornaşdyrýar. Bu täzeçillik we döwrebaplyk bankyň soňky ýyllarda alyp barýan işlerinde aýdyň şöhlelenýär. Müşderilere hödürlenilýän döwrebap hyzmatlaryň netijeleri anyk sanlarda we takyk maglumatlarda beýanyny tapyp, bankyň umumy girdejilerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ähli hyzmatlaryndan 2020-nji ýylda gazanan girdejisi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117 göterim artdy. Bankyň 2020-nji ýyldaky arassa peýdasy barada aýdylanda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 118 göterim ösüş gazanyldy.

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, bankymyz tarapyndan müşderilerimize bank kartlarynyň jemi 405 müňe golaýy paýlanyp berildi we ýurdumyz boýunça 8 müňden gowrak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary gurnalyp, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününe çenli bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň umumy sanynyň hem 144-e ýetendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Prossesing» merkezi tarapyndan «Altyn asyr» kartly töleg ulgamy boýunça 2020-nji ýylda geçirilen amallaryň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 123 göterim ýokarlandy. Şeýle hem bank kartlary bilen amala aşyrylan amallaryň nagt däl hasaplaşyklarynyň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende üç essä golaý artdy.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň hyzmatlarynyň sanynyň hem ep-esli ýokarlanandygyny guwanç bilen nygtamak isleýäris. Geçen ýyl bankymyz öz müşderilerine täze döwrebap hyzmatlaryň ýene-de birnäçesini hödürlemegi ýola goýdy. Şolaryň hatarynda «Cash back» hyzmatyny, «Halkbank terminal» mobil ulgamyny, «Owerdraft karty», «Talyp tölegi» onlaýn-hyzmatyny, «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmatyny görkezmek bolar. Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerine esaslanýan bu hyzmatlaryň her biri müşderiler üçin uly ýeňillikleri elýeterli etdi.

Bankyň ýeňillikli karz hyzmatlary ýyldan-ýyla barha kämilleşdirilýär. Olaryň sany hem barha artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň iň täzeleriniň hatarynda «Owerdraft», «Haly satyn almak üçin» bank karzlaryny we kiçi göwrümli karzlary mysal getirmek bolar. Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan owerdraft karzy Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem işe girizildi. Munuň üçin bankyň müşderileri ýöriteleşdirilen bank kartlary bilen üpjün edildi. Ýeňillikli karzyň bu görnüşi geljek aýdaky girdejiniň belli bir möçberini öňünden karz almaga mümkinçilik berýär.

Köp sanly ýüztutmalary nazara alyp, bankymyz özüniň karz hyzmatlarynyň hataryna haly satyn almak maksatlaryna gönükdirilen ýeňillikli karzlary hem goşdy. Bu hyzmat arkaly haly satyn almak isleýän watandaşlarymyz bankdan ýeňillikli şertlerde 30 müň manada çenli karz serişdelerini alyp bilerler. Karz hyzmatlarynyň bu görnüşi öýlerimizi döwrebap we milli öwüşginleriň sazlaşygynda bezemäge ýardam edýär. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine kiçi göwrümli, ipoteka, ýaş maşgalalar üçin sarp ediş karzlaryny hem hödürleýär.

Bankymyzyň dürli görnüşli goýum hyzmatlaryny ýerine ýetirýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Olar bankyň müşderilerine özleriniň süýşürintgilerini goşmaça girdejä öwürmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimiz «Halkbank» tarapyndan hödürlenilýän «Talap edilýänçä» (ýyllyk 6 göterime çenli), «Hemaýat» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Gahrymanlar» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Beýik Galkynyş» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Ruhubelent» (ýyllyk 8 göterime çenli), «Bagtyýar nesiller» (ýyllyk 10 göterime çenli) ýaly goýum hyzmatlaryndan peýdalanyp gelýärler.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze hyzmatlary ozaldan hereket edip gelýän «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly döwrebap hyzmatlaryň üstüni ýetirdi. Bankymyzyň geçen ýylda täze açylan döwrebap hyzmatlary nagt däl hasaplaşyklar arkaly aýlyk bank kartlardan goşmaça girdeji almaga, olary ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrmaga, bank kartynda ýeterlik serişde bolmadyk wagtynda indiki aýda geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz almaga, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin töleglerini banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirmäge we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalary bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn-ýüzlenme arkaly ýollamaga mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz işine täzeçillikleri ornaşdyryp, müşderilere döwrebap hyzmatlary hödürlemek arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanýan ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň şertleri esasynda biziň maksatlarymyzyň myrat tapmagy we ýurdumyzyň bank ulgamynyň hem dünýä derejesine çykmagy bizi örän begendirýär. Hut şonuň üçinem, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýan Arkadag Prezidentimiziň il-günüň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine gönükdirilen işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Maýa MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20463