2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda göni wideo aragatnaşyk arkaly Halkara Pul Gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygynda HPG-nyň bilermenleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
HPG-nyň bilermenleri bilen ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň arasynda geçirilen on günlük duşuşygynyň netijeleri jemlendi.
Soňky wagtlarda Türkmenistan Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniň we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary bilen isjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär.
Agzalan duşuşyklarda taraplar ykdysady ösüşiň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň seljermesiniň orta möhletli geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
HPG-nyň wekiliýet topary Türkmenistanyň döwlet edaralaryna ykdysady syýasaty ösdürmäge goldaw bermäge taýýardyklary barada habar berdiler we wekiliýetiň sapary wagtynda maglumatlar we netijeli pikir alyşmalar üçin ýurduň döwlet edaralaryna minnetdarlyk bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi