Hyzmatdaşlyk. Haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, bu ýekeje söze adamzat ir döwürlerden bäri diňe gowy zatlary siňdirmäge çalşypdyr. Bu sözde adamzadyň özara ynanyşmak, arkalaşmak, daýanyşmak, birek-birekden gowy zatlary öwrenmek hem-de paýlaşmak ýaly oňyn sypatlary jemländigi aýan. Şolary gazanmak üçin bolsa hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň arasynda iň esasy zat — özara ynam gerek. Ynam — syýasatda, halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada binýatlyk ýörelge. Şol bolmasa, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak howaýylygyna galýar. Şol hakykatdan ugur alynsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeden garamak baradaky başlangyçlarynda öňe ädilen ädimdigini görmek bolýar.
Milli Liderimiziň daşary syýasat ugrundaky sebit — yklym — dünýä halkasynyň bitewi zynjyrynda sebitara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Bitarap Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaş düzümleriň biri-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr (ŞHG). Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlarynyň goldanylmagynda bu guramanyň mynasyp paýy bar. ŞHG-niň ýakynda Duşenbede geçen ýubileý sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary diňe bir sebitde, yklymda däl, eýsem, tutuş dünýäde özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlyga alternatiwanyň ýokdugyny ýene bir gezek subut etdi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ozalky Bişkek, Daşkent, Pekin sammitleri Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň sebitara derejede ykrar edilmeginde möhüm tapgyr bolupdy. Ýurdumyzyň ŞHG-niň çäginde başlan şol syýasy dialogy bu gezek Duşenbede üstünlikli dowam etdirildi. Onda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz guramanyň geçen 20 ýylyň dowamynda dünýäde ykrarnama hem-de hormata eýe bolan, ählumumy syýasy we ykdysady ösüşiň barşyna, häsiýetine oňyn täsir edýän abraýly döwletara birleşmä öwrülendigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary syýasy gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr.
Howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi konsepsiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň goldaw tapmagynda ŞHG möhüm geosyýasy giňişlik hasaplanýar. Şu jähetden alnanda, döwlet Baştutanymyzyň Duşenbe sammitinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, ilki bilen, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde, maglumat hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardygyny nygtamagy örän wajypdyr. Ilkibada howpsuzlyk, terrorçylyga, narkobiznese garşy göreşmek guramasy hökmünde döredilen ŞHG-niň giňişliginiň dünýäde täze dörän wehimiň — COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almakda tagallalary birleşdirmekde mümkinçilikleri uludyr. Şundan ugur alyp, türkmen Lideri dünýäde howpsuzlygyň täze dörän görnüşini — biologik howpsuzlygy üpjün etmek baradaky ozal BMG hem-de beýleki halkara we sebitara düzümleriň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryna täzeden dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
Elbetde, ählumumy pandemiýa howpunyň artmagy dünýä döwletlerinden onuň zyýanly netijelerinden saplanmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň gurallaryny işjeň herekete getirmegi, ykdysady hyzmatdaşlygy syýasylaşdyrmazlygy talap edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň lokomotiwleri hasaplanýan Russiýa, Hytaý, Hindistan ýaly çig mal we ykdysady mümkinçilikleri uly bolan döwletleriň gatnaşmagynda ŞHG-niň çägindäki ykdysady kooperasiýanyň giňeldilmeginiň bolsa hut häzirki pandemiýa şertlerindäki dünýä çökgünligi döwründe ähmiýeti has artýar. Şol hakykatdan ugur alyp, Türkmenistan energetika, ulag-logistika babatdaky taslamalaryny gürrüňi edilýän halkara guramanyň geoykdysady giňişligini ýerlikli peýdalanmak arkaly, tutuş Ýewraziýa yklymynyň bähbitlerini özara sazlamaga gönükdirýär.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geografiýasyny Merkezi Aziýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz sammitde ŞHG-ä gatnaşyjy döwletler tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamasynyň taslamasynyň goldanylmagynyň möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan bu resminamany kabul etmek baradaky başlangyjy Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde öňe sürmegi göz öňünde tutýar.
Energetika babatda alnanda, ýangyç geçirijileriň ugurlaryny we geografiýasyny diwersifikasiýalaşdyrýan Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ägirt uly taslamany amala aşyrdy. Ilkinji tapgyry 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen, häzirki wagtda 4-nji şahasy gurulýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi Merkezi Aziýa — Hytaý aralygyndaky iri energetika halkasydyr. Bu gaz geçirijiniň ulanyşa girizilen döwründen bäri 300 milliard kub metr türkmen «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport edildi. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde amala aşyrylýar. Ol Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan ugry boýunça çekiler. Onuň işe girizilmegi bilen, gaz geçirijiniň umumy geçirijilik ukyby 85 milliard kub metre çenli, türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-e eksportynyň möçberi bolsa ýylda 65 milliard kub metre çenli artar. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gazy ibermekde liderligi saklaýar. Ýeri gelende bellesek, üstümizdäki ýylyň iýunynda Türkmenistan Hytaý tarapyndan 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak karzyny doly yzyna gaýtardy. Bu karz serişdeleri dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň gurluşygyna hem-de özleşdirilmegine gönükdirilipdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agzalyga ymtylýan Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde, gurama 2017-nji ýylda agzalyga giren, Günorta Aziýada uly ykdysady kuwwata eýe bolan Pakistan hem-de Hindistan üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.
ŞHG-niň giňişligi birwagtlar Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň başlanan sebitidir. Bu ýoluň başlangyjynda oturan Hytaý, onuň ýüreginde ýerleşip, birwagtlar hereketlendirijisi bolan Türkmenistan üçünji müňýyllygyň başynda özara tagallalary birleşdirip, bu taryhy ýoly dikeltmegiň gözbaşynda durlar. Türkmenistan ŞHG-ä agza ýurtlaryň hem bähbitlerini araýan Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgeleri babatda ençeme taslamalary amala aşyrdy. Olar Ýuwaş ummanyndan Baltika deňzine, Demirgazyk Ýewropadan Hindi ummanyna çenli aralygy baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat (1996), Gazagystan — Türkmenistan — Eýran (2014) demir ýollarynyň işe girizilmeginiň diňe üç ýurduň gatnaşyklarynyň has ilerlemegine ýardam etmän, eýsem, bu gurama agza döwletleriň ykdysady ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýändigi aýdyňdyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça eýýäm bu ýoluň geografiýasyny Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň çygryndan çykarmak üçin anyk işler edildi. Hytaý-gazak-türkmen-eýran dörttaraplaýyn ulag diplomatiýasy babatda deslapky çärelere badalga berildi. 2016-njy ýylyň başynda bu ýoly peýdalanmak arkaly, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner otlusynyň synagdan geçirilmegi ýoluň ykdysady bähbidiniň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin uly boljakdygyny görkezýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zamanyň ösen kommunikasiýa ulgamlary esasynda dikeldilmegi — hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiliginden dömüp çykan pikir. Şunlukda, türkmen Lideriniň başlangyjy, tagallasy hem-de uly töwekgelçiligi bilen, Beýik Ýüpek ýoly hakyky manyda gaýtadan dikeldildi. Ulag-kommunikasiýa babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary geljekde Pekinden Stambula, ondan aňryk Ýewropa tarap ulag geçelgeleriniň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam döredýär.
Duşenbe sammitinde milli Liderimiz ŞHG-ä agza döwletleri BMG-niň howandarlygynda 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu forum Merkezi Aziýanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini sebitiň çygryndan çykaryp, ony Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitleri bilen baglanyşdyrýan multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge gönükdirmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda gepleşikler üçin amatly meýdança bolar. Umuman alnanda, Türkmenistanyň energetika, ulag-logistika babatdaky halkara başlangyçlary hyzmatdaşlyk boýunça integrasiýalaryň ençemesiniň — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bähbitlerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa tutuş Aziýa yklymynda ykdysady ösüşi we söwdany ösdürmek nukdaýnazaryndan derwaýysdyr.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40897