Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalary kabul edilip, onuň çäklerinde innowasion häsiýetli önümçilikleri giň gerimler bilen döretmek ugrunda düýpli işler alnyp barylýar.Işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde täze önümçilik desgalary we medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna, ýerli çig mal serişdelerine esaslanýan pudaklar bolan himiýa we nebithimiýa senagatynyň kuwwatyny düýpli artdyrmak, ösen gurluşyk materiallary senagatyny kemala getirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.
Şu ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagat tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyrynyň öndürilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Ýerli çig maldan taýýarlanylan kompozit gurluşyk armaturasy ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan bolsa elýeterli önüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrmagy bäsdeşlige ukyply ýokary hilli ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Geljekde bu paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen, kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek, ondan bolsa polat armaturasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde hususy telekeçiligiň dürli ugurlarda depginli ösüşleri gazanylyp, milli ykdysadyýetde tutýan orny barha artýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen taslamalaryň hem köpüsi hususy telekeçilere degişlidir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň senagatynyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de daşary ýurtlaryň harytlary bilen bäsdeşlige ukyply ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň artdyrylmagynyň ähmiýetini nygtamak bilen, bu işe döwlete dahylsyz ulgamyň wekillerini işjeň çekmegi tabşyrdy.
Bu ugurda alnyp barylýan işler Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän möhüm görkezijiler bolup durýar. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň senagatyny mundan beýläk hem ýokary depginler bilen ösdürilmegi gazanylar. Bu işde milli hünärmenleri taýýarlamak, berilýän bilimiň derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler hem öz netijesini berer we dünýäniň iň gowy tejribeleri esasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine öz guwandyryjy goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.
Bägül ATAÝEWA,